Düýn – 9-njy
aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň
Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat
goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýete
eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi. Döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda
energetika, senagat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda gatnaşyklaryň
netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunda ulag-logistika ulgamyndaky
hyzmatdaşlyk hem esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Türkmenistan bilen
Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak barada-da gürrüň edildi. Şunda halkara hukuk binýadyny
döretmekde we ösdürmekde iki ýurduň parlamentarileriniň işjeň gatnaşyklarynyň
uly ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Parlamentiniň
Başlygy Şalwa Papuaşwili birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň
halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.