23.04.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimiz Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.02.2024 228 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise milli baýram — Estoniýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Alar Karise tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Estoniýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.