25-nji
iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň
milli ykdysadyýetimize ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak ugrunda alnyp
barylýan işler, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşy we döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi
ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda,
ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan täze
hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak, orta hünär okuw mekdeplerinde
okatmagyň täze usullaryny özleşdirmek, şeýle hem bilim maksatnamasyna täze
ugurlary girizmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Milli
Liderimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýarym ýylynda milli ykdysadyýetimiziň
pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek
giňişleýin mejlise hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi we häzirki çylşyrymly
şertlerde gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygyny hem-de bu ugurda
bar bolan wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Dünýäde
emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, ilatymyzyň saglygyny goramaga,
halkara ykdysady ulgamyň ýurdumyzyň ýagdaýyna bolan ýaramaz täsirini
peseltmäge, ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşine
gönükdirilen anyk işler durmuşa geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.