Düýn – 24-nji aprelde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk
we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň öz
daşary syýasatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek
ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýändigi we dünýäde
parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine giň
halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygy nygtaldy. Biz daşary ýurtlar bilen dostluk,
deňhukuklylyk, özara hormat goýmak esasynda gatnaşyklary ösdürmäge möhüm
ähmiýet berýäris. Ýüze çykýan wehimleriň, gapma-garşylyklaryň çözülmeginde
halkara hukugyň we diňe diplomatik gurallaryň ulanylmagyny zerur hasap edýäris
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady
gatnaşyklar barada aýdyp, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş häsiýetine
eýedigini, söwda ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny
kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda baý tejribesi
bolan britan kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti
nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Beýik Britaniýanyň daşary işler,
Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeron birek-birege berk jan
saglyk, abadançylyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdiler.