Düýn – 24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi.
Oňyn ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda iki döwletiň ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini aýratyn belläp, Türkmenistanyň we Germaniýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürýändiklerine kanagatlanma bildirdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda diplomat däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine, iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-german hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge tarap saýlanyp alnan ugry dowam etdirjekdigine ynandyrdy.