Düýn – 27-nji
aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan
ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň
arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň sungat
ussatlarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen sazly-horeografik kompozisiýalar
dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Olaryň halkymyzyň bedew atlaryna çäksiz
söýgüsini beýan edýän aýdym-sazlarynyň owazy astynda joşgunly tanslar ýerine
ýetirildi. Şeýle hem milli baýram mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy. Soňra bu
ýerde Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde atly
sport çykyşlary guraldy.
Atçylyk pudagyny
ösdürmek baradaky aladalaryna çäksiz hoşallygyň nyşany hökmünde ahalteke
bedewlerini sowgat hökmünde kabul etmek üçin hormatly Prezidentimiz uly hormat
bilen syn ediş meýdançasyna çagyryldy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň
adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Edermen atly bedew sowgat
berildi.
Soňra bu ýerde
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji
tapgyry geçirildi. «2024-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada
2017-nji ýylda doglan Gadymy atly mele at mynasyp boldy. Şeýle hem atlaryň
tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek
boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna «akylly» şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurdy.