milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
11.11.2024 169 Habarlar

Şenbe güni – 9-njy noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bag nahalyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer. Eziz Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 539 müň 185 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 67 müň 630 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.