«Dar al-Ilm», ýagny «Ylymlar öýi» ýa-da «Akademiýa» atly kitaphanalar Bagdatda ilkinji abbasy halypalaryň hökümdarlyk eden döwründe peýda bolupdyr, Musulman dünýäsinde ilkinji (Akademiýany) abbasy nesilşalygynyň ýedinji halypasy al-Mamun ibn ar-Reşit (813-833ý.ý.) özüniň paýtagtyny 817-nji ýylda Merwden Bagdada geçireninden biraz wagt soň döredipdir.
Şahyr arapşynas I.Ýu.Kraçkowskiý bu şäherde şeýle ylmy ojagy eýýäm halypa al-Mamunyň kakasy Harun ar Reşidiň (786-809ý.ý) döredendigini belläpdir. Halypa al-Mamunyň «Akademiýasynyň» işi türkmen topragynda ýaşan Muhammet Musa al-Horezminiň döredijiligi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolupdyr. Meşhur alym ibn an-Nedimiň (997-nji ýylda ýogalypdyr) berýän maglumatyna görä, halypa al-Mamun, al-Horezmini 817-nji ýylda öz ýany bilen Bagdada alyp gidip, ony bu şäherde IX asyryň 20-nji ýyllarynyň ortasynda esaslandyrylan «Akademiýasynyň» müdiri edip belläpdir. Ibn an-Nedimiň «Fihristini», (Bibliografiýasyny) iňlis diline terjime eden B.Doj al-Mamunyň bu edara üçin kitaplary heniz ol Merwdekä toplap başlandygyny we olaryň onuň «Akademiýasynda» saklanan eserleriň esasyny düzendigini görüpdir. Bu ylmy ojakda al-Horezmi 850-nji ýylda dünýäden öten döwrüne çenli işläpdir. Ondan başga-da, VIII asyrda Bagdatda hususy kitaphanalar hem ýüze çykyp ugrapdyr. Halypa Harun ar-Raşidiň döwründe, arap taryhçysy Omar al-Wakidiniň (736-811ý.ý) şeýle kysymly kitaphanasynda 120 düýelik kitaplar bolupdyr.
«Akademiýa» atly kitaphanany ýa-da özleriniň wezipeleri we alyp barýan işleri boýunça oňa kybapdaş, ýöne biraz atlary üýtgeşigräk medeni edaralary döretmekde abbasy halypalary musulman ýurtlarynyň hökümdarlaryna we beýleki tanymal adamlaryna ajaýyp görelde görkezipdirler. Olaryň başlangyçlaryna eýerip, soň ýokary derejeli döwlet adamlary, alymlar, ruhanylar, gurply tanymal şahslar öz kitaphanalaryny döredipdirler. IX-X asyrlarda ylmyň we medeniýetiň ösmegine ägirt uly mümkinçilik döreden bu däp musulman dünýäsiniň ähli künjeklerine häsiýetli başlangyç bolupdyr we sogap iş hasap edilipdir. Bu ylmy ojaklarda grek, latyn, ýewreý, arameý (siriýa), kopt, pehlewi we hindi dillerindäki kitaplary arap diline terjime edipdirler. Soň olary kitaphanalaryň «Hatdatlar bölüminde» («Dar al-Hatt») sünnäläp göçüripdirler. «Akademiýalaryň» kitaphanaçylary bolup işlän meşhur alymlar az bolmandyr. Musa al-Horezmi halypa al-Mamunyň, Ibn Miskaweýh (1030-njy ýylda ýogalypdyr) Buweýhiler döwletiniň weziri Abu-l-Fazl ibn al-Amidiň, Abu Aly ibn Sina Samanylar döwletiniň hökümdary Nuh ibn Mansuryň, Ibn as-Sa’i (1275-nji ýylda ýogalypdyr) halypa al-Mustansiriň döreden kitaphanalarynyň kitaphanaçylary bolup işläpdirler. Iň esasy zat, ol hem, bu edaralar ylmyň dürli pudaklaryna degişli görnükli alymlaryň hemişe üýşýän, duşuşýan we döwrüň derwaýys ylmy meseleleriniň ara alyp maslahatlaşylýan ýeri bolupdyr.
Buweýhi döwletiniň hökümdary Beha ud-Döwläniň (998-1012ý.ý.) weziri Sabyr ibn Ardaşir (1025-nji ýyl-da ýogalypdyr) 991-nji ýylda özüniň «Akademiýasyny» esaslandyrypdyr. S.Inaýatulla bu kitaphana barada şeýle diýip ýazypdyr: «Onuň ajaýyplygyny we tutýan meýdanynyň ululygyny orta asyr awtorlarynyň ençemesi haýran galyp taryp edipdirler. Onda şol döwrüň iň meşhur hatdatlarynyň göçüren kitaplarynyň 100000-den-de gowragy saklanypdyr». Berilýän beýleki maglumata görä, bu kitaphanada gymmatly kitaplaryň sany 140000-den ybarat bolupdyr. Onuň genji-hazynasyndan şol döwrüň görnükli alymlarynyň peýdalanmadygy az bolupdyr. IX asyryň başynda halypa al-Mamun ýaly, X asyryň ahyrynda buweýhileriň weziri Sabyr ibn Ardaşir hem özüniň «Akademiýasynyň» ýolbaşçysy edip, Abu Bekr Muhammet ibn Musa al-Horezmini belläpdir. Bu alym özünden uly meşhur ildeşi Abu Jepbar Muhammet ibn Musa al-Horezmi ýaly, döwrüniň görnükli edebiýatşynasy bolupdyr. Abu Bekr al-Horezminiň arap şygryýetini çuňňur bilişi barada Ýakyn Gündogar ýurtlarynda ýaşaýan araplaryň arasynda, onuň dünýäden öten döwründen üç asyra golaý wagt geçenden soň hem, rowaýat şekilli gürrüňler dowam edip gelipdir. Orta asyr arap taryhçysy Ibn Hallikan (1211-1282ý.ý.) ol barada şeýle maglumaty getiripdir: «Günleriň birinde Abu Bekr al-Horezmi Buweýhi döwletiniň hökümdary Muaýid ad-Döwläniň (977-983ý.ý.) we Fahr ad-Döwläniň (983-007ý.ý.) weziri Sahyp Abul Kasym ibn Abbadyň (936-995ý.ý.) gapysyna gelipdir we onuň jaýyna gözegçilik edýän adama: «Bar, wezire bir edebiýatçy geldi, ol seniň bilen duşuşmak isleýär diýip aýt» diýipdir. Gözegçi gelen adam barada hojaýynyna habar berende, ýadaw Sahyp: «Bar, sen oňa arap şahyrlarynyň goşgularyndan 200 müň beýtden az bilýänleri kabul etmezlige men kasam etdim diýip aýt» diýip, ony yzyna ýollapdyr. Gözegçi weziriň sözlerini Abu Bekre ýetiren mahaly, ol ýene-de: «Sen yzyňa dolan we wezirden sora, goşgulardan şonça mukdardaky beýtleri diňe erkek şahyrlara degişli bolmalymy ýa-da diňe zenan şahyrlara?!». Gözegçi bu sözleri wezire ýetiren badyna ol gobsunyp, buýsanç hem şatlyk bilen ýerinden turup: «Gapynyň öňünde duran Abu Bekr al-Horezmi bolmaly, goýber ony, goý, ol meniň ýanyma gelsin» diýipdir».
Orta Aziýada «Dar al-ilm» («Akademiýa») atly ilkinji we iň soňky kitaphanany Gürgençde S.P.Tolstowyň belleýşine görä, mamuniler nesilşalygy gysga wagtlaýyn (995–1017-njy ýyllarda) ýurdy dolandyran döwründe, 1000-nji ýylda horezmşa Abul Abbas al-Mamun II (1004-1017ý.ý.) esaslandyrypdyr. Abu-I-Fazl Beýhaky Biruniniň biziň döwrümize çenli gelip ýetmedik «Horezmiň taryhy» atly eserinden bu tanymal hökümdar barada ýazan anyk böleklerini getiripdir. Beýik alym öz döwürdeşini we hökümdaryny şeýle häsiýetlendiripdir: «Ol juda düşünjeli alym, edermen, janypkeş, her bir işde tutanýerli adamdy… Bu onuň ýokary derejedäki ahlaklylygyndan, sahawatlylygyndan gelip çykýardy. Men bu Abu Reýhan al-Biruni oňa ýedi ýyllap gulluk etdim we şol döwürde onuň agzyndan sypan paýyş sözlere duş gelmedim». Ilkinji çeşmelerde Horezmşa al-Mamun II barada berilýän ähli maglumatlary teswirläp, häzirki zaman alymlary biragyzdan onuň bilimli, sowatly, dana hökümdar bolandygyny tassyklaýarlar. Horezmşa al-Mamun II-niň Gürgençdäki «Akademiýasy», Müsüriň fatimi nesilşalygyndan bolan halypasy al-Hekimiň (996-1021ý.ý.) Kairde döreden adybir kitaphanasyndan bäş ýyl öň esaslandyrylypdyr. Bu ylmy ojak barada ilkinji makala Özbegistanda 1971-nji ýylda çap edilipdir. Ony lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty A.A.Abdyllaýew ýazypdyr. Döwrüniň möhüm ylmy we jemgyýetçilik edarasy bolan Gürgenjiň «Akademiýasynyň» şeýle irki döwürde Orta Aziýanyň beýleki medeni merkezlerinde däl-de, bu şäherde ýüze çykmagynyň özüne ýeterlik düýpli sebäpleri bolupdyr.
Birinjiden, horezmiler Bagdadyň we Yragyň beýleki şäherlerindäki «Akademiýalaryň» alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyş bolupdyrlar we olarda jogapkärli wezipelerde işläpdirler. Şonuň üçin hem, şeýle kysymly edarany özleriniň watanynyň paýtagty Gürgençde döretmekde olardan täsirlenen bolmaklary ähtimal. Ikinjiden, elbetde, bu meselede ýerli şertleri we başlangyçlary hem gözden salmak bolmaýar. S.P.Tolstow Gürgenjiň «Akademiýasynyň» öz gözbaşyny X asyrda hökümdarlyk eden Horezmşa Abu Abdylla Muhammet ibn Ahmet ibn Yragyň köşk matematikleriniň we älemşynaslarynyň döwresinde görüpdir. Gürgenç, 995-nji ýyldan soň diňe bir birleşdirilen Horezm döwletiniň paýtagty bolman, eýsem, uly we möhüm halkara derejesindäki täjirçilik merkezine hem öwrülipdir. Bu ýagdaýda, onuň X asyrda yslam ylmynyň we medeniýetiniň iň uly merkezleriniň biri bolmagy üçin gerek bolan şertler ýüze çykypdyr. Musulman dünýäsiniň bu uzak we üzňeräk demirgazyk-gündogar gyrak çetinde «Akademiýa» atly ýeke-täk ylmy ojagyň peýda bolmagy, gadymy Horezm siwilizasiýasynyň arap diliniň üsti bilen umumymusulman ylmy we medeniýeti bilen tebigy taýdan utgaşmagynyň netijesidir.
XX asyryň 30-40-njy ýyllarynda gadymy Horezm döwletiniň çäklerinde giň gerimli we uzak möhletli arheologik gazuw-agtaryş işleri geçiren we onuň taryhy boýunça düýpli ylmy işleriň awtory S.Rtolstow bu barada şeýle nygtapdyr: «Al-Mamunyň «Akademiýasynyň» ýüze çykmagy tötänleýin däldir. Horezm ylmy onuň döredilmeginden has irräkki döwürlerden bäri, Gündogar ylmynyň taryhynda görnükli orny eýeläpdir. Horezmiň musulmançylykdan öňki, antik we afrigiler döwrüniň ylmy barada biz heniz az bilýäris.
Ýöne maddy medeniýetiň ýadygärlikleriniň dykgatly derňewleri Horezmde şol döwürde takyk we tebigy ylymlaryň eýýäm ösüp ýokary derejä ýetendigi barada pikir ýöretmäge mümkinçilik berýär. Binagärlikde takyk deňölçegliligiň saklanmagy, gurluşyk işlerinde hasaplamalaryň dogry çykarylmagy, ýeriň üstüniň ýokary nokadyny anyk kesgitlemezden ýurduň içindäki ägirt uly suwaryş ulgamlaryny geçirmegiň mümkin däldigi, al-Biruniniň teswirlän Horezm senenamasy we jikme-jik işlenip düzülen älemşynaslyk adalgalary, Toprakgalanyň nagyşly bezeglerinde mineral reňkleriň baýlygy we dürli görnüşliligi, şeýle hem şu galadan ele salnan antik döwrüniň aýna çüýşesi bularyň ählisi geometriýa, trigonometriýa, älemşynaslyk, topografiýa, himiýa, mineralogiýa ylymlarynyň ösmeginiň netijesinde amala aşyrylyp bilinjek zatlardyr». S.P.Tolstow gadymy Horezm we arap ylymlarynyň utgaşmasy (sintezi) barada söhbet edip, ýene-de şeýle diýip belläpdir: «Haçan-da giçki afrigiler Horezmi Arap halyflygynyň ulgamyna giren mahaly, onuň alymlary salymyny bermän, gündogaryň özboluşly latynçasyna öwrülen diňe dili boýunça arap «arap ylmy» diýilýäni döreden alymlaryň arasynda görnükli, megerem, iň görnükli ýeri eýeläpdirler (sözleriň kursiwi biziňki–A.Ýa.)». Şeýle diýmek bilen, meşhur alym, ilkinji nobatda, IX–XI asyrlarda ýaşap geçen Musa al-Horezminiň, Abu Abdylla Muhammet ibn Ahmet ibn Ýusup al-Horezminiň, Abu Reýhan al-Biruniniň we köpsanly beýleki meşhur horezmli alymlaryň döredijiligini göz öňüne tutupdyr. Horezmde doglan we Gürgenjiň «Akademiýasynyň» genji-hazynasyndan we özleriniň hususy kitaphanalaryndan peýdalanyp, bu alymlar ajaýyp mazmunly ylmy eserlerini döredipdirler, dünýä ylmynyň köp pudaklaryna ägirt uly goşant goşupdyrlar we iş ýüzünde olary esaslandyryjylar bolupdyrlar.
Gürgenjiň «Akademiýasynda» hem, edil Bagdadyň we Kairiň «Akademiýalaryndaky» ýaly joşgunly ylmy döredijilik möwç urupdyr. Öz döwrüniň ylmynyň köp pudaklaryndan habarly hem oňat baş çykarýan horezmşa al-Mamun II öz «Akademiýasynyň» işini gurnamaklyga gönüden-göni gatnaşypdyr. Bu meselede ol özüniň uly döwürdeşi hem-de ylmyň beýik howandary abbasy halypasy al-Mamun (813-830ý.ý.) bilen diňe bir atdaşlygy boýunça däl, eýsem, onuň alyp baran işlerine kybapdaş wezipeleri amala aşyranlygy boýunça hem meňzeş bolupdyr. Horezmşa al-Mamun II edil abbasy halypasy al-Mamun ýaly, öz «Akademiýasynda» işlemek üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwrüniň meşhur alymlaryny çagyrypdyr. Olaryň ilkinjisi Abu Reýhan al-Biruni bolupdyr. 995-nji ýylda Horezmi bir bitewi döwlete öwürmek boýunça Gürgenjiň emiri Abul-Abbas Mamun ibn Muhammediň alyp baran göreşinde, ol köne afrigiler nesilşalygynyň tarapynda çykyş edenligi sebäpli, howply ýagdaýa düşüp, «özüni ölümden halas etmek üçin gyssagly ýagdaýda» Hazar deňziniň günortasynda ýerleşen Jürjaniýa (häzirki Gürgen) we Reý (häzirki Tähran) şäherine gitmäge mejbur bolupdyr.
Beýik alym bu şäherlerde sergezdançylykda we juda kyn şertlerde ýaşan döwründe hem döredijilik işini gowşatmandyr. 27 ýaşly juwan ýigit, Gürgeniň we Reýiň kitaphanalarynda saklanýan eserlerden peýdalanyp, özüniň naýbaşy eserleriniň ilkinjisini «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» atly kitabyny 1000-nji ýylda ýazyp gutarypdyr. Bu ýerde ol 1004-nji ýyla çenli, ýagny horezmşa al-Mamun II ony öz «Akademiýasyna» işe çagyran pursadyna çenli ýaşapdyr. Şol bir wagtyň özünde bu hökümdar öz ylmy merkezine gelip çykyşy boýunça sogdy milletinden bolan Abu Aly ibn Sinany Buharadan çagrypdyr we ol onda 1005-1011-nji ýyllar aralygynda işläpdir. Döwrüniň bu iki beýik alymy al-Mamun II-niň «Akademiýasynyň» abraýyny arşa göteripdir.
Bu ylmy ojakda olar bilen bilelikde pelsepeçi Abu Sahl Mesihi, meşhur tebipçi-alym Abul Hasan Hammar we beýleki ajaýyp alymlar işläpdirler. Abu Aly ibn Sinanyň durmuşynyň Gürgenç döwri barada onuň terjimehalçylarynyň biri B.D.Petrowyň belleýşine görä, onuň döredijiliginde ajaýyp pursat bolupdyr. «Eger ol Buharada bilimini tamamlap, özbaşdak döredijilik işine ýaňy başlan bolsa, Gürgençde onuň pelsepe, tebigy ylymlar we lukmançylyk boýunça garaýyşlary gutarnykly taplanypdyr. Horezme (Gürgenje–A.Ýa.) ýaş we umyt bildiriji pelsepeçi we tebip bolup gelip, ol ondan Gündogar ýurtlarynda ady giňden belli bolan kämil akyldar, alym bolup çykyp gidipdir». Horezmşa al-Mamunyň «Akademiýasynda» Ibn Sinanyň döredijiligi diýseň önjeýli bolupdyr. Ol özüniň talyplaryny we şägirtlerini lukmançylyk we pelsepe dersleri boýunça okadypdyr. «Bu şäherde onuň bütin ömrüniň önümi bolan iki sany naýbaşy eseriniň: «Sagaldyş kitaby» atly pelsepe ensiklopediýasynyň we «Tebipçilik ylmynyň kanuny» atly lukmançylyga degişli düýpli eseriniň esasy goýlupdyr». Al-Biruni hem, öz gezeginde, 1004-1017-nji ýyllar aralygynda, ýagny bu ýurdy Mahmyt Gaznawy basyp alýança, dogduk mekany Gürgençden çykman ýaşapdyr. Ömrüniň bu döwründe ol diňe bir «Akademiýanyň» işiniň ruhlandyryjysy bolman, eýsem, Horezmşanyň geňeşçisi, hatda ministriniň wezipesini hem ýerine ýetiripdir.
Bu «Akademiýada», edil Ibn Sina ýaly, al-Biruni hem giň göwrümli we düýpli ylmy döredijilik işi bilen meşgullanypdyr. Üstesine-de, ol bu ýerde özüniň geljekki uly göwrümli işleriniň meýilnamalaryny düzüpdir, tebigy ylymlaryň dürli pudaklary boýunça barlaglar we synaglar geçiripdir. Gürgençden Gazna mejbury halda gitmeli bolan beýik alym, täze ýurda gelip aradan az salym geçenden soň, özüniň «Geodeziýa» atly iň uly we iň möhüm eserleriniň birini ýazmaga girişip bilipdir.
Horezmşa al-Mamun II-niň «Akademiýasynda» saklanyp gelnen kitaplaryň mukdary barada çeşmelerde maglumatlara duş gelmedik. Emma oňa seretmezden, şol döwrüň alymlarynyň tutuş bir nesliniň bu ylmy merkezde saklanýan eserlerden peýdalanyp, özleriniň ajaýyp kitaplaryny döretmegi onuň genji-hazynasynyň juda baý bolandygyna güwä geçýär. Alymlaryň bu ýerde döreden eserleri özleriniň çuňňur ylmylygy bilen diňe bir döwürdeşlerini däl, eýsem, häzirki zaman alymlaryny hem geň galdyrýar. Al-Mamunyň «Akademiýasynda» musulman ýurtlarynda we onuň çäklerinden daşarky döwletlerde ýaşan alymlaryň möhüm eserleriniň ählisiniň diýen ýaly arap diline terjime edilen görnüşinde saklanandygy barada şübhelenmese bolar.
Onuň şeýledigine biz horezmli alymlaryň IX–XII asyrlarda ýazan eserleriniň sahypalaryna ser salanymyzda doly göz ýetirýäris. Olarda musulman alymlaryndan başga-da, gadymy grek, latyn, arameý (siriýa), pehlewi we hindi awtorlarynyň eserlerine edilen salgylanmalara häli-şindi duş gelýäris. «Özüne elýeterli bolan ähli döwürleriň we halklaryň ylmynyň gazanan netijelerinden al-Biruniniň giňden peýdalanandygyny inkär etmek gözli körlük ýaly bir zat bolardy» diýip, S.P.Tolstow nygtapdyr. Bu meselede golýazmalary göçüriji hatdatlara esasy orun degişli bolupdyr we olaryň işi uly hormatdan peýdalanypdyr. Adatça, hatdatlar Orta asyrlar döwrüniň iri kitaphanalarynyň ählisinde işläpdirler. Öz işlerine ezber bu hünärmenleriň gündelik zähmetiniň netijesinde gysga wagtyň içinde, musulman dünýäsiniň günbatarynda ýazylan eserler onuň gündogarynda, tersine gündogarynda ýazylan eserler onuň günbatarynda ýaşan alymlara elýeterli bolupdyr. Bu meselede «Ýewropa arapşynaslygynyň atasy» adyny gazanan G.Kremonskiniň (1114–1187 ý.ý.) ylmy döredijiligine we terjimeçilik işine salgylanmak ýeterlikdir. Ol arap dilinden latyn diline 70 sany eseri terjime edipdir, olaryň 21 sanysy lukmançylyga degişli bolupdyr. Terjime edilen kitaplaryň arasynda Orta Aziýadan bolan awtorlaryň eserleri az bolmandyr. Bu sebitiň özboluşly inkunabulalary (ýagny, Ýewropada XV asyryň ikinji ýarymynda neşir edilen kitaplar) hasaplanylyp bilinjek ibn Sinanyň «Tebipçilik ylmynyň kanuny» atly eseriniň şol asyrda Ýewropa ýurtlarynda latyn dilinde goýberilen neşirleri G.Kremonskiniň terjimesi boýunça çap edilipdir.
Bar bolan maglumatlaryň birine görä, bu kitap, bu sebitde XV asyryň ikinji ýarymynda 15 gezek, beýlekisi boýunça 25 gezek neşir edilipdir. «Tebipçilik ylmynyň kanunynyň» XVI asyrda bu sebitde ýene-de 20 gezek neşir edilendigi barada anyk maglumatlar bar. Haçanda bu meşhur alym terjime etmek üçin özüne bu kitabyň we edil şonuň ýaly-da beýleki Orta Aziýadan bolan awtorlaryň eserleriniň golýazmalarynyň ygtybarly nusgalary gerek bolan mahaly, ol olary Aziýa ýurtlaryndan däl-de, musulman Ispaniýasyndan gözläpdir. Bu ýurduň Kordowa we beýleki şäherleriniň musulman kitaphanalarynda olar ýeterlik nusgalarda saklanypdyr. Öz gezeginde, Reý şäherinden günbatarda, ýagny hakyky arap ýurtlarynda hiç mahal bolup görmedik al-Biruni «Bagdat we Basra şäherleriniň ylmy ojaklarynda alymlaryň döreden işleri bilen içgin tanyş bolupdyr, ýöne olaryň garaýyşlary oňa yzagalak bolup görnüpdir.
IX asyryň iň görnükli alymlarynyň biri al-Jahyzy (770–869 ý.ý.) ol «alasarmyk» diýip atlandyrypdyr». Başgaça aýdanymyzda, Biruni Merwiň, Kätiň, Gürgenjiň, Reýiň, Gürgeniň we Gaznanyň kitaphanalarynda hiç hili kynçylyksyz musulman dünýäsiniň gündogar alymlarynyň, edil şonuň ýaly-da arap diline eden terjimeleriniň üsti bilen gadymy grek we rim awtorlarynyň eserleri bilen deň derejede tanşyp bilipdir. Bu ýerde, diňe bir zada, ol hem, Orta asyrlar döwrüniň aragatnaşyk serişdelerini göz öňünde tutup, ägirt uly musulman dünýäsinde medeni gymmatlyklaryň habarynyň bir künjeginden beýleki künjegine basym ýetirilişine geň galmazlyk mümkin däl. Bu barada W.W.Bartold şeýle belläpdir: «Yslamyň ilkinji asyrlary boýunça biziň maglumatlarymyzyň esasy çeşmesi, X asyryň başynda Bagdatda ýazylan Tabarynyň giň göwrümli taryhy eseri, şol X asyrda, musulman dünýäsiniň günbatarynyň iň gyrak çetine we gündogarynyň iň ahyrky çetine baryp ýetipdir, takmynan, bir wagtda, oňa Afrikanyň we Ispaniýanyň taryhy boýunça goşmaçalary goşup, Kordowada ispan halypasy Hakam II (961–976ý.ý.) üçin we Buharada Samaniler nesilşalygynyň emiri Mansur I (ol hem şol ýyllarda hökümdarlyk edipdir) üçin (pars dilinde) bu eseriň gysgaldylan görnüşi taýýarlanypdyr» 1017-nji ýylda Gürgençde bolup geçen howsalaly we dartgynly wakalar onuň ajaýyp «Akademiýasynyň» we ony esaslandyryjy Horezmşa al-Mamun II-niň ömür tanabyny kesipdir. Oňa Mahmyt Gaznawynyň (997–1030ý.ý.) Horezmi basyp almak meýilleri sebäp bolupdyr. Ol meýiller 1010-njy ýyldan başlap, ýüze çykyp ugrapdyr. Horezmşa al-Mamun Mahmyt Gaznawynyň aýal dogany bilen 1015-nji ýylda nikalaşan hem bolsa, bu soltan ýurduna we özüne golaýlaşýan ýowuz betbagtçylygy öz wagtynda duýupdyr we onuň öňüni almak üçin dürli diplomatik hereketleri edipdir.
Ahyrsoňy iş başa barmandan soň, ol öz ýurdunyň Gaznawylar döwletiniň tabynlygyna geçmegine we oňa salgyt tölemegiň şertlerini kabul etmeklige mejbur bolupdyr. Horezmşanyň eden bu hereketi, öz gezeginde, ýurduň içinde uly dowul turzupdyr. Onuň buýsanjaň we söweşjeň han-begleri, goşun serkerdebaşylary hökümdary dönüklikde aýyplap, onuň garşysyna uly gozgalaň turzupdyrlar. Ýüze çykan ýagdaýyň juda hatarlydygyna göz ýetiren al-Mamun, soltan Mahmydyň tarapyndan hiç hili talabyň bolmandygyny, onuň diňe öz raýatlarynyň, howply ýagdaý ýüze çykaýsa, özüne wepalydyklaryny synap görmekçi bolup, bu barada gürrüň ýaýradandygyny aýdyp, pitneçileri köşeşdirjek we dartgynly meseläni gowşadyp, ortadan aýyrjak bolupdyr. Bu gepleşiklerden soň, öz gezeginde, «al-Biruni «altynyň we kümşüň dili bilen» ýurduň tanymal adamlaryny hökümdaryň öňünde toba etmeklige we ötünç soramaklyga yrjak bolupdyr». Emma bu hereketler oňyn netije bermändir we pajygaly ýagdaýda tamamlanypdyr. Pitneçiler ýurduň wezirini we Horezmşanyň beýleki geňeşçilerini öldüripdirler, galanlary gaçyp özlerini halas edipdirler. Horezm al-Mamun II öz köşgünde gizlenipdir. Gozgalaňçylar onuň köşgüni otlap, hökümdary hem öldüripdirler. Bu pajygaly waka 1017-nji ýylyň 20-nji martynda bolup geçipdir. Horezmşa bilen pitneçileriň arasynda al-Biruniniň yhlas bilen eden töwekgelçilikleri netije bermändir. Beýik alym bu pajygaly wakalaryň janly şaýady bolup, özüniň we ylmyň penakäriniň bigünä ölümine tüýs ýürekden gynanypdyr. Soltan Mahmyt bu wakalardan özüne bähbitli netijeleri çykaryp, ondan peýdalanmak üçin haýal-ýagallyga ýol bermändir. Horezmşa al-Mamun II-niň özüniň aýal doganyna öýlenendigini nazara alyp, öz giýewsiniň «aryny almaklygy» bahana edinip, Horezme harby ýöriş edipdir. Bu ýurdy basyp alyp, köp adamlary gyrypdyr, onuň esgerleriniň galan böleklerini öz ýurdunyň Hindistan bilen serhetleşýän sebitine gulluk etmäge ýollapdyr. Bu wakalaryň öň ýanynda, Horezmşa al-Mamun II-niň «Akademiýasynda» işlän we Gazna şäherine gitmekden ýüz öwren alymlaryň birtopary beýleki ýurtlara dargapdyrlar. Şatlykly we hasratly günlerde elmydama öz halky we watany bilen bile bolan Biruni alymlaryň galan topary bilen Gazna gidipdir (has dogrusy, ol äkidilipdir, çünki soltan Mahmyt onuň al-Mamun II-niň tarapynda çykyş edip, öz döwletiniň garaşsyzlygyny saklap galmak boýunça eden diplomatik hereketlerinden, şübhesiz, habarly bolupdyr) we bu şäherde ömrüniň ahyryna çenli ýaşap, netijeli ylmy döredijiligini dowam etdiripdir. Al-Mamun II-niň «Akademiýasynyň» kitaplary hem şol döwürde Gürgençden Gazna äkidilipdir. Mahmyt Gaznawy, adatça, öň basyp alan ýurtlarynda şeýle hereketleri edipdir. Bu «Akademiýanyň» mongol çozuşlary döwrüne çenli saklanyp galandygy barada il arasynda diňe rowaýatlar bar. Olar häzirki Köneürgenjiň «Kyrk molla» depesine degişlidir. Käbir alymlar ony Horezmşa al-Mamun II-niň «Akademiýasynyň» galyndysy hasaplaýarlar. Ol özüniň häzirki görnüşinde-de adamlarda uly täsir galdyrýar.
Almaz ÝAZBERDIÝEW, TYA-nyň ylmy kitaphanasynyň direktory, taryh ylymlarynyň doktory.