milli goshun logo
Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ikinji gününiň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ikinji gününiň netijeleri
16.04.2024 227 Sport

Şu gün – 16-njy aprelde paýtagtymyz Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ikinji gününiň ýaryşlaryna uly orun berildi. Gyşky oýunlar sport toplumynda dörän sport baýramçylygynyň ruhy sport janköýerlerini diýseň tolgundyrdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, bu gün «А» toparçada Türkmenistan döwletimiziň «Galkan», Oman Soltanlygynyň «Oman Nationals», Bahreýn Patyşalygynyň «Bahrain Ice Hockey Club», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box», «В» toparçada Belarus Respublikasynyň «Wolat», Türkiýe Respublikasynyň «Team-Turkiye», Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» hokkeý toparlary duşuşdylar.

Oýnuň dowamynda türkmen topary düýnki ýeňşiniň üstüni ýetirdi. Omanlylaryň garşysyna hokkeý şaýbasyna ezberlik bilen erk edip, meýdançada ýokary netijeleri bilen tapawutlanmagy başardy. Şeýdibem, «Galkanyň» wekilleri «Oman Nationals» toparyndan 15:1 üstün çykdy. Bu duşuşyk ýokary taýýarlykly türkmen toparynyň üstünligi bilen tamamlandy.

Umumylykda alanymyzda, hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ikinji gününiň netijeleri hokkeý sportunyň taryhyna şeýle hasaplary ýazdy:

 

«А» toparça

«Galkan» (Türkmenistan) – «Oman Nationals» (Oman) – 15:1

«Ice Box Iran Mall» (Eýran) – «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn) – 8:1

 

«В» toparça

«Wolat» (Belarus) – «Team-Turkiye» (Türkiýe) – 3:0

«Akmola» (Gazagystan) – «Dordoý» (Gyrgyzystan) – 5:3