milli goshun logo
Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň dördünji gününiň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň dördünji gününiň netijeleri
18.04.2024 255 Sport

Habar berşimiz ýaly, şu gün – 18-nji aprelde eziz Diýarymyzda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň 4-nji tapgyry geçirildi. Onuň çäklerinde duşuşan toparlar bu ýaryşyň aýgytlaýjy pursatlarynda çykyş etdiler. Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly buz meýdançasynda «A» toparyň, kiçi buz meýdançasynda «B» toparyň wekilleri duşuşdylar. Günüň birinji hem-de ikinji ýarymynda bolan bu duşuşyklar türkmen, eýran, tatar, gyrgyz türgenleriň peýdasyna tamamlandy. 

 

«A» toparça

«Galkan» (Türkmenistan) – «Feniks» (Özbegistan) – 9:1

«Ice Box Iran Mall» (Eýran) – «Oman Nationals» (Oman)  – 6:0

 

«B» toparça

«Adihis-Kazan» (Tatarystan, Russiýa) – «Wolat» (Belarus) – 6:3

«Dordoý» (Gyrgyzystan) – «Team-Türkiye» (Türkiýe) – 4:2