Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň çagyryş boýunça harby
gullukçysy Daýanç Omirow 2019-njy
ýylyň 2–5-nji oktýabr aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen
Türkmenistanyň dzýudo boýunça çempionatynda 90 kilogram agramlyk derejesinde çykyş
edip, birinji orny eýeledi.
Çempionat
zehinli türgenleri ýüze çykarmak hem-de olary Ýaponiýanyň Tokio şäherinde
2020-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak maksady bilen
geçirildi. Biziň harby türgenimiz ýurdumyzyň dürli welaýatlardan we paýtagtymyzdan
gatnaşan bäsdeşlerinden üstün çykyp, Halkara dzýudo federasiýasynyň altyn medalyna
mynasyp boldy.
D.Omirow
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymy bolup, birnäçe gezek
uly halkara sport ýaryşlarynda baýrakly ýerleri eýeledi we dürli ýyllarda
Türkmenistanyň çempiony adyny gazandy. 2017-nji ýylda ol Türkiýe
Respublikasynda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň
eýesi boldy.
Häzirki wagtda
harby türgenimiz dzýudo we kuraş boýunça geljekde geçiriljek halkara
ýaryşlaryna hem-de biziň ýurdumyzda 2020-nji ýylda geçiriljek
sambo boýunça dünýä çempionatyna ýokary depginde taýýarlyk görýär.
«Milli goşun».