Sport äleminde
belentlikleri nazarlaýan ýurdumyzda dekabryň 11-13-i aralygynda nobatdaky sport
ýaryşy – sambo boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubyndan hem türgenler gatnaşdy.
90 kilogram agram derejesinde öz başarnygyny görkezen «Merkezi goşun» sport
klubynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Guwanç Begaliýew hormat münberiniň
ikinji basgançagyna çykmagy başardy. G.Begaliýew sportuň bu görnüşinden
başga-da dzýudo, kuraş bilen hem meşgullanýar. Ady agzalan görnüşleriň
ikisinden hem 2018-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony bolan harby türgenimiz
halkara ýaryşlarynda hem 2016-njy ýylda Aşgabatda sambo boýunça Aziýa
çempionatynda 2-nji ýer, Aziada 2017-de kuraş boýunça 3-nji ýer we şu ýyl kuraş
boýunça Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşynda 3-nji ýer ýaly netijeleri
görkezdi.
Harby
türgenimize mundan beýläk hem sport äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
«Milli goşun»