13.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Harby talyplaryň halkara sport üstünlikleri
Harby talyplaryň halkara sport üstünlikleri
20.01.2020 1062 Sport

Ýanwar aýynyň 10-12-si aralygynda Türkiýe döwletiniň Stambul şäherinde «Ýaşar Dogu-2020» ady bilen geçirilen erkin göreş boýunça halkara ýaryşy diýseň çekeleşikliligi bilen tapawutlandy. Turuwbaşdan üstünlige beslenen ýaryşa dünýä döwletleriniň 10-dan gowragyndan, şol sanda, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Bolgariýadan we Gazagystandan türgenleriň ençemesi gatnaşdy.

Ýaryşda biziň ildeşimiz — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 3-nji ýyl harby talyby Kerim Hojakow üçünji orna mynasyp boldy. Ol özüniň sport bilen meşgullanan döwründe ilkinji gezek 65 kg agram derejede çykyş edip, ýaryşyň bürünç medalyny eýeledi.

Kerim Hojakow Harby institutyň talyby bolanyndan soň, iki ýyl yzly-yzyna (2018-nji we 2019-njy ýyllarda) erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempiony bolmagy başarandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Onuň aýtmagyna görä, bu ýokary harby okuw mekdebinde hem akyl, hem beden taýdan kämilleşmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin ol ýene birnäçe abraýly halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýar.

2019-nji ýylyň 13-15-nji dekabrynda Gazagystanyň Aktau şäherinde karateniň WKF görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň 7-nji çempionaty geçirildi. Onuň bürünç medalynyň eýesi Harby institutyň 3-nji ýyl harby talyby Güýç Gökow boldy. 60 kg agram derejede çykyş eden türgen karate-do görnüşinde diňe Türkmen milli bedenterbiýe we sport institutynyň talybyndan hem-de gazagystanly türgenden basyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplarynyň ikisi hem 2020-nji ýylyň awgustynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görýärler.

Kerim MYRADOW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň

Harby institutynyň harby gullukçysy,

uly leýtenant.