milli goshun logo
Harby lukmanlar – sagdynlygyň goragynda
Harby lukmanlar – sagdynlygyň goragynda
15.06.2024 92 Habarlar | Harby Bilim

Häzirki wagtda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetinde bilim alan harby lukmanlar Ýaragly Güýçlerimiziň harby hassahanalarynda, harby bölümleriň lukmançylyk nokatlarynda Watana hyzmat etmegiň nusgasyny görkezýärler.

Bu günki harby uçurymlaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlarynyň bolmagy has-da guwandyryjydyr. Harby lukman uçurymlar geljekde Ýaragly Güýçlerimiziň lukmançylyk binýatlarynda yhlasly zähmet çekip, ýokary taýýarlykly harby lukmanlar bolup ýetişerler hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň binýadynyň berkemegi üçin öz mynasyp goşantlaryny goşarlar. 

Dabara mynasybetli düşürilen täsirli pursatlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!