Merdana Watan goragçylary eziz
Diýarymyzyň asudalygyny, abadanlygyny gorap saklamakda özleriniň hüşgärligini
görkezip, bu mukaddes kesbi ylym-bilimde, medeniýetde we sungatda,
döredijilikde, sport äleminde gazanýan guwandyryjy üstünlikleri bilen
sazlaşykly alyp barýarlar. Çünki Watana söýgi ynsana ajaýyp ylhamy, zehin
açyklygyny, döredijilik başarnygyny bagyş edýär. Ine, şonuň üçinem Watan –
mukaddes, Watan – eziz.
Bize şeýle buýsançly kelamlary
sözlemäge edermen harby gullukçylarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32
ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda halkara we ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklerde
gazanan üstünlikleri, ýeňişleri esas berýär. Mälim bolşy ýaly, ýakynda
Bütindünýä Karate-do federasiýasynyň guramagynda Özbegistan Respublikasynyň
Daşkent şäherinde Karate boýunça 13-nji Dünýä çempionaty geçirildi. Dünýäniň köpsanly
ýurtlaryndan dürli ýaşdaky türgenleriň ençemesini özünde jemlän bu bäsleşikde,
ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň arasynda kalby «Watan» diýip urýan, ussat harby türgenlerimiz çykyş edip,
baýrakly orunlary gazanmagy başardylar. Maýor Myrat Annagurbanowyň serkerdelik
edýän harby bölüminden «Türkmen edermen» sport klubynyň türgeni, gara guşagyň
1-nji danynyň eýesi, borçnama boýunça harby gullugyň seržanty Şatlyk Tekäýew 21
ýaşdan uly türgenleriň arasynda 65 kilogram agramda üstünlikli çykyş edip,
baýrakly 3-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Ýeňiş öz mynasyp eýesini tapýar diýleni.
Ine, harby türgenimiziň gazanan nobatdaky ýeňşi hem bize bu sözleri diýmäge
ynam döredýär.
Watan goragyny ak ýürekden ýerine ýetirip, sport äleminde uly üstünlikleri gazanýan «Türkmen edermen» sport klubynyň ýurdumyza getirýän her bir ýeňşi harby gullukçylaryň at-abraýyny has-da artdyrýar.