Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde bina edilen harby bölümiň täze desgalar toplumynyň we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarynyň hatarynda ýaşaýyş jaýlary hem bar.
Dabara gatnaşyjylar ýaşuly nesliň wekilleri bilen bilelikde täze ýaşaýyş jaýynyň eýeleri bolan harby gullukçylaryň öýlerine myhman boldular, öýlerde döredilen döwrebap mümkinçilikler we amatly şertler bilen tanyşdylar. Giň hem-de ýagty otaglar eşretli ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilipdir.
Ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler Watan mukaddesligini, onuň goragynyň her bir türkmen perzendi üçin mukaddes borçdugyny, ata Watanyň mertleri beýgeldýändigini nygtadylar. Şeýle hem Watan mukaddesligini arşa galdyrýan, halkymyzy abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna alkyşly sözleri aýtdylar. Soňra bagtdan paýly harby gullukçylara täze jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.