milli goshun logo
Harby gullukçylar baradaky tagallalaryň dabaralanmasy
Harby gullukçylar baradaky tagallalaryň dabaralanmasy
23.01.2024 729 Habarlar

Habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän harby bölüminiň çäginde täze binalar açyldy. Olaryň arasynda esgerler naharhanasynyň hem gurlandygyny aýratyn bellemek gerek. 

Esgerler naharhanasynda häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän nahar taýýarlamak hem-de azyk, et, un we beýleki önümleri talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar döredilen. Döwrebap naharhanada häzirki zaman ýyladyş we sowadyş ulgamlary hem-de nahar taýýarlamak işini ýeňilleşdirýän kuwwatly, kämil tehnologiýalar hem ornaşdyrylan. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýeti tarapyndan ýetişdirilýän ýokary hilli önümlerden ýokumly tagamlary taýýarlamaga ähli mümkinçilikler bar.

Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda açylyp ulanylmaga berlen täze binalar ýagtylygy, giňligi, mebelleriniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Açylyş dabarasynyň dowamynda ýurdumyzda ynsan zähmetine, yhlasyna goýulýan aýratyn hormat-sarpadan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň adyndan binalaryň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Mahlasy, ähli amatlyklary özünde jemleýän bu binalar Watan goragçylary baradaky tagallalaryň dabaralanmasy boldy.