9-njy maýda ýurdumyzda şanly sene
bolan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78
ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi.
...Ir säher bilen, asylly däbe eýerip, häzirki we geljek
nesilleriň nurana durmuşynyň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin «Halk
hakydasy» ýadygärlikler toplumyna aşgabatlylaryň köp sanlysy we paýtagtymyzyň
myhmanlary ýygnandylar. Türkmen halkynyň watansöýüjilik däplerini, şöhratly
pederlerimiziň wesýet eden ýörelgelerini mynasyp dowam edýän ýaş harby
gullukçylar hatara düzüldiler.
Halk Maslahatynyň agzalary, milli parlamentiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, zähmet toparlarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, myhmanlary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara bildirilýän çuňňur hormatyň nyşany hökmünde ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular. Sanlyja pursatda binanyň etegi al-ýaşyl güllerden özboluşly şekili emele getirdi. Toplumyň meýdançasynda geçirilen dabaraly ýöriş çäräniň ähmiýetini belende göterdi.
Şu gün baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyryldy. Şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gahrymanlarça wepat bolan Watanymyzyň edermen goragçylaryna hormatyň nyşany hökmünde milli gahrymanlaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärliklere gül desselerini goýdular.