20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşlarda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda öňde boljak möhüm çärä taýýarlyk işleri, oňa hemmetaraplaýyn, jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada aýdyldy. Şunda ilat arasynda döwletimiziň durmuşynda wajyp orun eýeleýän bu umumymilli forumyň ähmiýetini düşündirmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýle-de mejlisiň dowamynda Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň möhletleri kesgitlenildi. Şunda guramaçylyk işleriniň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň ýurdumyzyň Mejlisi bilen bilelikde Halk Maslahatynyň gün tertibini we onuň mejlisini geçirmegiň deslapky maksatnamasynyň, gün tertibinde kesgitlenen meseleler boýunça resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagynyň möhletleri anyklanyldy.