9-njy oktýabrda Lebap welaýatynyň merkezi – Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Ýaşaýyş toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 23 gektara barabardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şähergurluşyk ulgamyna bildirýän talaplary nazara alnyp taslamalaşdyrylan täze binalar şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň, Türkmenabat şäher häkimliginiň ýanyndaky «Şähergurluşyk we hyzmat» döwlet kärhanasynyň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» hem-de «Demirbetonkonstruksiýa» edaralary tarapyndan bina edildi.
Bu ýere göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň agzalary täze jaýlaryň açarlaryny buýsanç bilen kabul edip, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar eden ajaýyp ýurtda bagtly ýaşaýşy üpjün etmäge gönükdirilen durmuş syýasatyny netijeli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.