8-nji martda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara
zenanlar güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda «Arkadag
Serdarly bagtyýar zenanlar» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Baýramçylyk dabarasyna ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň
we edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de
wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet
weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň
agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri bar. Şeýle
hem dabara Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň
zenan işgärleri gatnaşdylar.
Bu gün gelin-gyzlaryň şanyna Halkara zenanlar güni
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar we iň gowy arzuwlar beýan edildi. Ene
mähribanlygy, aladasy, ruhy jomartlygy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.
Bu gezekki dabarada Gahryman Arkadagymyzyň
ýurdumyzyň ýaşlaryny belent maksatlara ruhlandyrýan «Ýaşlara gutlag» atly täze
aýdymy ýaňlandy.