milli goshun logo
Halkara ýaryşlaryň ýeňijileri sylaglanyldy
Halkara ýaryşlaryň ýeňijileri sylaglanyldy
26.05.2023 1815 Sport

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzda 2023-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda geçirilen abraýly halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çäräniň Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmeginde çuňňur many bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda milli sporty dünýä derejesine çykarmak, türkmen türgenleriniň ýokary netijeleri gazanmaklaryny we iri sport ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Ine, bu gün hem dabaraly ýagdaýda tapawutlanan we 2023-nji ýylyň aprel-maý aýlaryndaky halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.