Ýakynda
paýtagtymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen
alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri»
assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Olar häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, kemala getirmek we köpeltmek babatda köpasyrlyk däpleri wagyz etmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek, gorap saklamak boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny bellediler.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okaldy. Şeýle-de mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.