Şu gün — 25-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023»
atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar. Däp bolşy ýaly,
dünýäniň onlarça ýurdundan nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe
institutlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň ýüzlerçesi foruma gatnaşmak
maksady bilen paýtagtymyza ýygnandylar. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet
konsernleri, «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «Gaffney Cline»
britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen
hyzmatdaşlykda guralýan bu serginiň we maslahatyň, olaryň çäginde guraljak iş
duşuşyklarynyň geljegi uly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzyň ýangyç-energetika we
nebitgaz pudaklarynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän täze maýa goýum
taslamalary barada habarlylygyny artdyrjakdygy ikuçsuzdyr.
Paýtagtymyzda öz işine başlaýan
28-nji nebitgaz forumynda-da iri energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr
wekilleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň binýatlyk ugry hasaplanýan nebitgaz
pudagynyň ösüşine täsirini ýetirýän sebit we dünýä meýillerini ýakyndan ara
alyp maslahatlaşyp, toplan tejribelerini birek-birek bilen paýlaşarlar.
Nebitgaz ugurly nobatdaky forum
bolsa munuň üçin amatly meýdança bolup hyzmat eder. Energetika pudagynda
hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti
bolup durýandygy göz öňünde tutulanda, bu wajyp ugurda özara bähbitleriň
deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy täze
derejelere çykarmakda nobatdaky forumyň ähmiýeti uly bolar.