Düýn – 26-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda
matematika dersi boýunça halkara olimpiada badalga aldy. Bu mynasybetli Arkadag
şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen
dabara ýokary ruhubelentlige beslendi.
Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan,
Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus,
Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan
hem-de ýurdumyzdan bu halkara olimpiada gatnaşýan okuwçylar halkymyzyň
myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy.
Halkara ders olimpiadasynyň Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many
bar. Munuň özi gaznanyň işiniň ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, hemmetaraplaýyn
bilimli bolmaklaryny, sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegini nazarlaýan
ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Dabaranyň ahyrynda halkara olimpiada gatnaşýan okuwçylara
üstünlikler arzuw edildi.