Golaýda Türkmenistanda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň wekilleriniň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropa
Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirilip, onuň dowamynda
betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek çygrynda milli we halkara
hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlary, alnyp barylýan tagallalar barada bellenip
geçildi.
Maslahatyň dowamynda BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen «2015 – 2030-njy ýyllarda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek
boýunça Sendaý Çarçuwaly
Maksatnamanyň» ýörelgeleriniň raýat goranyşy we halas ediş işlerinde döwlet
syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça Milli maksatnamanyň çäreleriniň we adatdan
daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerini
azaltmak we uýgunlaşmak ýaly ugurlarda Türkmenistanyň hökümetiniň we BMG-niň
arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Raýat
goranyşy».