Heňňam
döräli bäri ýürekdeşligi, maksada okgunly öňegidişlikleri, lebzi halallygy,
goňşy halklary we dünýä döwletleri bilen ysnyşykly parahatçylyk ýörelgeleri
bilen tanalýan ýurt – bu biziň ata Watanymyz Türkmenistandyr. Garaşsyzlygymyza,
hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolanymyzdan soňra, birnäçe iri halkara
guramalaryň edara binalarynyň öňünde ýaşyl reňkli mukaddes türkmen Tugumyzyň
buýsançly parlap durmagy, bu halkara gatnaşyklarynyň häzirki wagtda hem
dowamatynyň dowamdygyny dünýä äşgär edýär. Şeýle iri halkara hyzmatdaşlyklaryň
özeninde bolsa, ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet we sungat, köpçülikleýin habar
beriş serişdeleri hem-de halk hojalygynyň beýleki möhüm ulgamlaryny sazlaşykly
ösdürmek, şeýle-de, olary
dünýä derejesinde kämilleşdirmek maksady durýar.
Täze taryhymyzyň şöhratly sahypalaryna
nazar aýlanymyzda, bu pikir ýöretmelerimiziň hakykat ýüzündäki beýanyna göz
ýetirýäris. Şu gün 12-nji oktýabrda Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi
geçirildi. Çärede türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri
R.Meredow ýolbaşçylyk etdi.
Maslahatyň
dowamynda wajyp meseleleriň giň toplumy boýunça, şol sanda, halkara we sebit
meseleleriniň möhüm ugurlarynyň gün tertibi, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk
etmek barada pikir alşyldy. Geljekde syýasat, söwda-ykdysady we medeniýet
ulgamlarynda amala aşyrylmaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary
kesgitlenildi. Şeýle hem mejlise gatnaşanlar 2025-nji ýylda GDA-da Beýik
Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygyna taýýarlyk görmek we ony
bellemek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy baradaky, GDA-nyň
Çempionaty baradaky, GDA-nyň çäklerinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda
geňeşmeleriň Meýilnamasy baradaky Çözgütler bilen bagly möhüm taslamalary we
beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň dowamynda GDA ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen täze pikirler we taslamalar teklip edildi. Ylym-bilim ulgamynda bilelikdäki işleriň geljegine seredildi. GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Minskde geçirmek barada çözgüt kabul edildi.