Ozal habar berşimiz ýaly, düýn –
17-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş
sapary bilen ugrady.
Geçilen menzillere nazar aýlasak,
dünýä döwletleriniň arasynda Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik
gatnaşyklary ilkinji bolup ýola goýan Hytaý Halk Respublikasy häzirki wagtda
ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Şu döwre çenli iki
döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň köp derejeli guraly işlenip taýýarlanyldy. Ol
döwlet Baştutanlarynyň gepleşikleri, türkmen we hytaý işewür toparlarynyň
duşuşyklary ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň şu
ýylyň ýanwar we maý aýlarynda HHR-e amala aşyran saparlary däp bolan dostlukly
döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna
laýyklykda, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam bermek bilen,
ýokarda aýdylanlaryň aýdyň beýany bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň
barşynda «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagynyň
çäklerinde ýokary derejedäki birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi hem-de
resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk
Respublikasyna iş sapary dowam edýär.