Şu
gün paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar
Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan
Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň
gatnaşmaklarynda we gurnamaklarynda «Ene tebigat» atly halkara sungat
sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre ýurdumyzyň dürli ugurlar boýunça
halkara derejedäki forumlaryň we sergileriň geçirilýän merkezi hökmündäki
derejesini has-da pugtalandyrýar.
Mälim
bolşy ýaly, düýn ýurdumyza Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky
gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa geldi. Şu gün bolsa paýtagtymyzyň
Halkara howa menziline Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň
ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň uçary gelip gondy. Bu ýerde ýokary derejeli
myhmany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady.
Halkara
howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynda Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan
Atabaýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň
ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirildi.
Oguljahan
Atabaýewa myhmany sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp,
meýilleşdirilen çäreleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Saida
Mirziýoýewa mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, sazlaşykly ösüş
ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmagyň özi üçin
uly hormatdygyny belledi.
Soňra
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň
Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň awtoulag kerweni «Oguzkent»
myhmanhanasyna tarap ugrady.
Bu
ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky
gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň
Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň üçtaraplaýyn duşuşygy boldy.
Häzirki
döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi
netijesinde döwlet we halkara ähmiýetli tagallalar barha işjeňleşýär.
Ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen,
ýurdumyzda we daşary döwletlerde iri möçberli ynsanperwerlik çäreleri
yzygiderli guralýar.
Ýokary
derejeli myhmanlary Aşgabatda görýändigine örän şatdygyny aýdyp, Oguljahan
Atabaýewa doganlyk, goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklara aýratyn gadyr goýýandygyny
belledi. «Bizi umumy köklerimiz, ruhy we medeni gymmatlyklarymyz hem-de
dillerimiziň umumylygy baglanyşdyrýar» diýip, haýyr-sahawat gaznasynyň
wise-prezidenti sözüni dowam etdi. Şeýle hem ynsanperwer meselelere bolan
çemeleşmeleriň ýakyndygy, ýurtlarymyzyň döwlet Baştutanlarynyň parasatly
ýolbaşçylygy netijesinde pederlerimiziň asylly ýörelgeleri bilen häzirki zaman
däpleriniň arasynda bir bitewi sazlaşygyň saklanýandygy bellenildi.
Haýyr-sahawat
gaznasynyň wise-prezidenti ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn, sebitara hem-de halkara
düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ilerledýändigini, bu ugurda milli we
ählumumy derejede zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.
Türkmenistanyň
Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda her ýylda iki gezek — güýz we
ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň geçirilýändigini belläp,
Oguljahan Atabaýewa bu çäräniň döwlet derejesinde guralmagy bilen, Diýarymyzda
millionlarça bag nahallarynyň ekilendigini nygtady.
Türkmenistanyň
howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini,
Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini
döretmek ýaly başlangyçlaryny we beýleki ekologiýa tekliplerini durmuşa
geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler yzygiderli dowam edýär. Ýurdumyzyň öňe
sürýän ekologiýa başlangyçlarynyň hemmesi Merkezi Aziýada durnukly howa
ýagdaýynyň saklanmagyna gönükdirilendir. Bu bolsa ählumumy tagallalara mynasyp
goşantdyr.
Haýyr-sahawat
gaznasynyň derejesinde çagalaryň ekologiýa taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak
ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belläp, gaznanyň wise-prezidenti ösüp
gelýän ýaş nesillerde tebigata we daşky gurşawa aýawly çemeleşmek endigini
ösdürmäge zerur üns berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, «Ene tebigat»
halkara sungat sergisiniň diňe bir biziň medeniýetlerimiziň özara baýlaşmagyna
mynasyp goşant bolman, eýsem, onuň jemgyýetçiligiň, hususan-da, ösüp gelýän ýaş
nesilleriň ünsüni ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine çekjekdigine
ynanýaryn» diýip, Oguljahan Atabaýewa nygtady.
Gaznanyň
wise-prezidenti duşuşyga gatnaşýan ýokary derejeli myhmanlara durnukly ösüşe
mynasyp goşant goşmak ugrunda edilýän tagallalar üçin ýene bir gezek sagbolsun
aýtdy.
Soňra
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti
Leýla Aliýewa türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen
çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Leýla
Aliýewa Türkmenistana saparynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň özünde ýatdan
çykmajak täsirleri galdyrandygyny nygtady. Şeýle hem ol Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri we gaznanyň mümkinçilikleri bilen
tanyşmagy hem-de türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň biri bolan
ahalteke bedewleriniň çykyşlaryna tomaşa etmegi özüne bildirilen hormat
hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Türkmenistanda
ekologiýa sagdynlygyny üpjün etmek, ösüp gelýän nesillerde tebigata bolan
söýgini pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha bermek bilen,
belent mertebeli myhman bu ugurda tejribe alyşmagyň we gatnaşyklary mundan
beýläk-de işjeňleşdirmegiň hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň
ägirt uly geljeginiň bardygyny belläp, ekologiýa sagdynlygyny üpjün etmek,
tebigata aýawly çemeleşmek babatda Türkmenistanyň dünýä nusgalyk işleri amala
aşyrýandygyny aýratyn nygtady.
Üçtaraplaýyn
duşuşygyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň
ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa, ilki bilen, bu ýerde mähirli kabul edilendigi we
meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilýändigi üçin hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdy.
Saida
Mirziýoýewa çykyşynyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky
medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykandygyny belledi.
Munuň özi ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri
boýunça gazanylýan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň
netijesidir.
Şeýle
hem ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine ýokary baha berdi.
Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdynlygy we sazlaşykly ösüşi barada
döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.
Saida
Mirziýoýewa Türkmenistanda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine aýratyn
üns berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, bu işleriň tebigaty goramakda, ýaşlarda
zähmetsöýerlik endiklerini pugtalandyrmakda ähmiýetlidigini nygtady. «Ene
tebigat» atly halkara sungat sergisiniň bu ugurdaky gatnaşyklary has-da
ösdürmekde ähmiýetli boljakdygyny belläp, myhman bu gatnaşyklaryň ägirt uly
geljeginiň bardygyny nygtady.
Soňra
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky
gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň
Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň bilelikdäki awtoulag
kerweni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna tarap ugrady.
Sebitiň
ýurtlarynyň arasynda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan ekologiýa
abadançylygy bilen bagly işlere degişli çäreleriň guralmagy doganlyk ýurtlaryň
bu ugurdaky tagallalarynyň birikdirilmegini, bilelikdäki taslamalary durmuşa
geçirmäge bolan gyzyklanmalaryň artmagyny şertlendirýän halkara çäre hökmünde
kabul edilýär.
Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan
guralýan «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu
çärä doganlyk ýurtlaryň wekiliýet toparlarynyň agzalary, daşary ýurtlaryň
Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde ýaşajyk
artistleriň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary halkara çäräniň şatlyk-şowhunyny
has-da artdyrdy.
Soňra
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewa çykyş edip, şu günki çärä gatnaşýan myhmanlara bu ähmiýetli
çärä gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi.
«Şu
gün biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen
döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de doganlyk Azerbaýjan
Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň arasynda ýola goýlan
dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň miwesi bolan «Ene tebigat» atly
halkara sungat sergisiniň dabaraly açylyşyna gatnaşýarys» diýip, Oguljahan
Atabaýewa sözüni dowam etdi.
Türkmenistan
goňşy döwletler bilen ähli ugurlar boýunça, hususan-da, medeni-ynsanperwer ugur
boýunça hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu ýurtlaryň
halklary bilen bizi umumy taryhy kökler, ruhy we medeni gymmatlyklar baglanyşdyrýar.
Medeni-ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlygyň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde, milli
gymmatlyklary özara baýlaşdyrmakda we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe
sürmekde ähmiýetlidigini belläp, haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti şu
nukdaýnazardan, «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisine möhüm ornuň
degişlidigini aýtdy. Şeýle hem sungatyň halklaryň arasynda özara düşünişmegi we
ynanyşmagy pugtalandyrýan birleşdiriji köprüdigine üns çekildi. Sungat halkara
dildir. Onuň çäkleri ýa-da serhetleri ýokdur. Ol dürli halklaryň
medeniýetlerini ýakynlaşdyrýar, adamlaryň kalbynda gözellige bolan söýgini
oýarýar we umumy ynsanperwer gymmatlyklaryň daşynda jebisleşmäge ýardam berýär.
Halkara
sungat sergisiniň esasy mowzugynyň tebigatdygyny belläp, Oguljahan Atabaýewa
adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygyň durnukly ösüşiň aýrylmaz şertidigini
nygtady. «Tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki
nesillere ýetirmek her bir adamyň hem-de tutuş jemgyýetiň möhüm wezipesidir. Bu
babatda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak
we ekologik abadançylygy üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan, hususan-da, Birleşen Milletler
Guramasynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini
azaltmak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe
sürýär» diýlip, çykyşda bellenildi.
Tebigatyň
biziň umumy öýümizdigini, ýaşaýşymyzyň çeşmesi we geljegimiziň binýadydygyny
aýdyp, gaznanyň wise-prezidenti adamzadyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşan
ýagdaýynda durmuşda durnuklylygyň, abadançylygyň we ýaşaýşyň dowamlylygynyň
üpjün edilýändigini aýtdy. Şol sazlaşygyň möhüm bölegi bolsa ekologiýa
medeniýetidir.
Şeýle
medeniýeti kemala getirmekde ýaş nesliň terbiýesine aýratyn ähmiýet
berilmelidigini belläp, Oguljahan Atabaýewa çagalaryň tebigata bolan söýgüsini
ösdürmegiň, olarda daşky gurşawa jogapkärçilikli garaýşy kemala getirmegiň we
tebigy baýlyklaryň gadyryny bilmegi öwretmegiň geljegimize gönükdirilen möhüm
maýa goýumdygyny nygtady. Şonuň üçin ýaş nesliň arasynda ekologik sowatlylygy
ýokarlandyrmak, olary tebigaty goramak işlerine işjeň çekmek we bu ugurda
döredijilikli pikirlenmäge höweslendirmek aýratyn ähmiýete eýedir.
Gaznanyň
bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde çagalaryň saglygynyň we
sazlaşykly ösüşiniň olaryň ýaşaýan gurşawy bilen berk baglanyşyklydygyna berk
ynanýandygyny aýdyp, Oguljahan Atabaýewa arassa daşky gurşawyň, sagdyn ýaşaýyş
şertleriniň we tebigat bilen sazlaşykly durmuşyň çagalaryň beden we ruhy taýdan
sagdyn ösmeginiň möhüm şertleridigini nygtady. Şeýle hem çagalarda tebigata
bolan söýginiň we hormatyň, ilkinji nobatda, maşgalada kemala gelýändigine,
ata-eneleriň şahsy göreldesiniň, çagalar baglarynda we mekdeplerde berilýän
terbiýäniň, şeýle hem jemgyýetçiligiň bu ugurdaky tagallalarynyň ýaş nesliň
dünýägaraýşynyň baýlaşmagyna uly täsir edýändigine üns çekildi.
Çagalaryň
tebigaty synlamagy, onuň gözelligine düşünmegi, ösümliklere we haýwanat
dünýäsine aýawly çemeleşmegi öwrenmegi olaryň kalbynda ynsanperwerlik,
jogapkärçilik we ýaşaýşa hormat ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegine
ýardam berýär.
«Şu
ýylyň 30-njy noýabryna çenli Aşgabat şäherinde öz işini dowam etdirjek «Ene
tebigat» halkara sungat sergisine gelip görmäge ähli watandaşlarymyzy we
myhmanlarymyzy çagyrýarys» diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi.
«Bu
ýerdäki eserler bizi diňe bir sungatyň dürli ugurlary bilen tanyşdyrman, eýsem,
daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we ekologik
meseleleriň çözgüdine döredijilikli çemeleşmek babatda hem täze garaýyşlaryň
kemala gelmegine ýardam eder. Şu asylly maksatlara gönükdirilen halkara sungat
sergisiniň işine üstünlik, ähli gatnaşyjylara bolsa döredijilik ylhamyny, täze
üstünlikleri we ýatdan çykmajak täsirleri arzuw edýärin, goý, bu ajaýyp sergi
size ruhy lezzet paýlasyn!» diýip, Oguljahan Atabaýewa türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de hemmelere
berk jan saglygyny, bagtyýarlygy, maşgala abadançylygyny, şeýle hem alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip sözüni jemledi.
Azerbaýjan
Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa
Aşgabatda «Ene tebigat» atly serginiň geçirilmegine döredilen mümkinçilikler we
berlen ýardam-goldawlar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewa hoşallyk sözlerini aýtdy.
Bu
ýerde guralan halkara çärä gatnaşýan Leýla Aliýewa «Ene tebigat» atly halkara
sungat sergisiniň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde halkara
gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we bu ugurda täze başlangyçlaryň hem-de
bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň ýol açjakdygyna
ynam bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan ekologiýa ýagdaýyny saklamak, çölleşmä garşy göreşmek we
tokaý zolaklaryny döretmek boýunça ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdine
gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan
giň goldawa eýe bolýar.
Şeýle
hem Leýla Aliýewa bilelikdäki tagallalaryň ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigata
bolan söýgini pugtalandyrmaga, olaryň daşky gurşawa aýawly çemeleşmeklerine
ýardam berjekdigine ynam bildirip, munuň döwrüň wajyp wezipeleriniň oňyn
çözülmegi üçin ähmiýetlidigini nygtady. «Sergi bu ugurda alnyp barylýan işleriň
dünýäde giňden wagyz edilmegine mümkinçilik döreder» diýip, myhman belledi we
möhüm ähmiýetli çäreleriň guralmagyna döredilen şertler üçin ýene bir gezek
hoşallyk bildirdi.
Gaznanyň
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, bu
çäräniň özara tejribe alyşmakda we birek-birege goldaw bermekde ygtybarly
meýdança öwrülendigini belledi.
Soňra
dabaraly ýagdaýda we bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda «Ene
tebigat» atly halkara sungat sergisiniň toý bagy kesildi. Munuň özi ýurdumyzda
häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri hasaplanylýan ekologiýa abadançylygyny
üpjün etmek ugrunda sebitiň ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalarynyň aýdyň
netijesidir.
Sergide doganlyk ýurduň ussat suratkeşleriniň,
dizaýnerleriniň saýlama eserleri görkezildi. Sungat eserlerinde tebigatyň
gözelligi, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de
ählumumy ähmiýeti bolan haýwanat we ösümlik dünýäsiniň özboluşly aýratynlyklary
öz beýanyny tapdy.
Giň möçberli halkara serginiň esasy mowzugynyň tebigaty
goramak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek bilen baglanyşykly meselelerden ybarat
bolmagynda çuňňur many bar. Häzirki döwürde ekologiýa meselesi, howanyň
üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan ýagdaýlar ählumumy gün tertibiniň esasy
meseleleriniň hatarynda durýar. Şunda bilelikdäki tagallalaryň ýola goýulmagy
we bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmegi döwrüň wajyp wezipeleriniň
biri bolup durýar.
Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn
bilimli-terbiýeli bolmagy ugrunda, olaryň ekologiýa taýdan sowatlylygyny
artdyrmak babatda edilýän aladalar oňyn netije berýär. Şol bir wagtyň özünde
ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwürde dowam
etmegine zerur üns berilýär.
«Ene tebigat» halkara sungat sergisiniň çäklerinde
türkmeniň «üme» däbiniň görkezilmegi bu ýerde guralan çärä özboluşly öwüşgin
çaýdy. Bu däp agzybirligi we bilelikdäki tagallalary alamatlandyrýar.
Şol bir wagtyň özünde sergide türkmen zenanlarynyň taryhyň
dowamynda döreden dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary, dürli lybaslar
görkezildi. Munuň özi halkara sungat sergisiniň köptaraply häsiýete eýe
bolandygynyň güwäsidir.
Giň möçberli sergi bilelikde işlemegiň, tejribe alyşmagyň
hem-de özara baýlaşdyrylýan gatnaşyklaryň ilerlemegine ýardam berýär. Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda milli gymmatlyklarymyz bilen bir
hatarda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň eserlerine giň orun berildi.
Ýurdumyzda her ýylyň güýz we ýaz pasyllarynda
köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy ýaşlarda tebigata bolan söýgini
pugtalandyrmakda hem-de daşky gurşawy goramakda ähmiýetlidir. Hazaryň
biodürlüligini gorap saklamak hem-de ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň
baýlaşmagyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar.
Bu ugurda alnyp barylýan işleriň ylmy taýdan ösdürilmegi bolsa özüniň oňyn
netijesini berýär.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri
boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar
Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa hem-de Özbegistan
Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa Türkmen
halysynyň milli muzeýine bardylar.
Bu ýerde muzeý işgärleri türkmen halylarynyň taryhy,
olaryň dokalyş aýratynlyklary we halylaryň reňkleriniň sazlaşygy barada gürrüň
berdiler. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan türkmen halylarynyň owadanlygy,
nepisligi myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Munuň özi halkara
çäreleriň medeni maksatnamasynyň ýokary derejede taýýarlanandygynyň nobatdaky
beýanyna öwrüldi.
Şeýle hem bu ýerde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi
boldy. Onuň çäklerinde milli lybaslaryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň
gelşiklilik we ýakymlylyk derejesine zerur üns berildi. Milli lybaslaryň
özboluşly gözelligine, olaryň biçüw aýratynlyklaryna tomaşa eden myhmanlar bu
pursatlaryň taryhy ähmiýeti bolan wakalar bilen utgaşmagyna ýokary baha
berdiler.
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky
gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa hem-de Özbegistan Respublikasynyň
Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa ak mermerli Aşgabatda
geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin
hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza we Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, bu çäreleriň özlerinde ýakymly täsirleri
galdyrandygyny nygtadylar.
Soňra paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan
Atabaýewa Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň
wise-prezidenti Leýla Aliýewany we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň
Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewany uly hormat bilen ugratdy.
Ýokary derejeli myhmanlar Türkmenistanda häzirki döwrüň
möhüm wezipesine bagyşlanan halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasynyň
guramaçylykly geçirilendigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza
we gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýene bir gezek çuňňur hoşallyklaryny
beýan etdiler we bu ýerden özleri bilen ýakymly ýatlamalary alyp
gidýändiklerini nygtadylar.