Düýn – 24-nji aprelde giňden
bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi.
Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň her ýyl geçirilýän mejlislerinde ýerine ýetirilen işleriň
jemleri jemlenilýär we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garalýar. Bu
mejlisler özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy täze
pikirlerdir bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär.
Şeýlelikde, forum özüni atşynaslaryň, ugurdaş hünärmenleriň, alym-ippologlaryň,
ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň dürli ýurtlardaky muşdaklarynyň
arasynda hyzmatdaşlyk etmek, tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança hökmünde
görkezdi.
Ýokary okuw mekdebiniň mejlisler
zalynda geçirilen forumyň gün tertibine birnäçe meseleler, şol sanda
assosiasiýanyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri, oňa täze agzalary kabul etmek,
ahalteke atçylygyny ösdürmek we ony halkara derejede giňden wagyz etmek maksady
bilen, netijeli işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryna «Türkmenistanyň at
gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak bilen bagly meseleler girizildi.
Mundan başga-da, degişli guramaçylyk meselelerine garaldy.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň
Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli hem
umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň atşynaslyk
däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak meselelerine berýän
hemişelik ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şeýlelikde, Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň XIV mejlisi öz işini tamamlady.