26-njy aprelde paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň milli
baýramynyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi
geçirildi.
Assosiasiýanyň nobatdaky mejlisi
Halkara ahalteke atçylyk we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň
merkeziniň mejlisler zalynda geçirildi. Bu ýerde guralan sergide şekillendiriş,
amaly-haşam, halyçylyk we zergärçilik sungatynyň eserleri, behişdi bedewlere
bagyşlanan fotosuratlar görkezildi. Ähli döwürlerde bedewler halkymyzyň wepaly
dosty we hemrasy, onuň ylham çeşmesi bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.
Ahalteke bedewlerine bolan söýgi türkmenlerde nesilden-nesle geçip gelýär.
Bularyň hemmesi baýramçylyk sergisindäki ajaýyp eserlerde öz beýanyny tapdy.
Mejlisiň gün tertibine birnäçe
meseleler, şol sanda assosiasiýa täze agzalary kabul etmek, dünýäde ahalteke
atçylygyny ösdürmek maksady bilen, netijeli işleri alyp baran assosiasiýanyň
agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak bilen baglanyşykly meseleler
girizildi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna — ýurdumyzyň atşynaslaryna we daşary ýurtly raýatlara Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlary okaldy. Soňra assosiasiýanyň bu hormatly ada mynasyp bolan daşary ýurtly agzalarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary diňlenildi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň çözgüdine laýyklykda, onuň düzümine täze agzalar kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, assosiasiýanyň täze daşary ýurtly agzalarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary diňlenildi.