21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň
bilelikdäki mejlisi geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun
çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat
bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki
Kararyny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar
girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça
konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary kabul edildi.
Soňra Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik
wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp
maslahatlaşmaga girişildi.
Halkymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan baý taryhy
tejribesine hem-de asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däp-dessurlara daýanyp,
halkyň erk-isleginden ugur alnyp, konstitusion topar tarapyndan «Türkmen
halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy
taýýarlanyldy. Mejlisiň dowamynda deputatlar Konstitusion kanunlaryň kabul
edilmegi üçin biragyzdan ses berdiler, Halk Maslahatynyň agzalary bolsa olary
makulladylar. Soňra Kanun taslamalarynyň üçüsi hem Türkmenistanyň Prezidentiniň
garamagyna iberildi.
Şeýle hem ýygnananlar Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy
saýlamak hakyndaky teklibi goldadylar.
Arakesmeden soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň,
ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi dowam etdi.
Şu günki çykyşlarda hem-de ildeşlerimizden gelip gowşan
köp sanly ýüztutmalarda halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzy hakyky Milli Lider
hasaplaýandygy bellenildi. Şu beýik derejäni kanun esasynda berkitmek teklip
edildi. Munuň özi özygtyýarlylygy pugtalandyrmakda, Watanymyzyň halkara
abraýyny we ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň
nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň erk-islegini göz öňünde
tutup, türkmen halkynyň Milli Lideriniň syýasy we hukuk ýagdaýyny kesgitleýän
«Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň
taslamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Kanun
makullanyldy we kabul edilip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna iberildi.
Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň erk-islegini goldap, bu Konstitusion kanuna hem
gol çekdi.