Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm»
birleşiginiň ýaş kinorežissýorlar topary 15-nji oktýabrdan 19-njy oktýabr
aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilen ilkinji «Toji Somon» film festiwalyna
gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Kino festiwalynyň maksady
döredijilik ýaşlaryny goldamak, tejribe alyşmak, ýaş kinorežissýorlaryň
hünärlerini ýokarlandyrmak, içerki we daşary ýurt filmlerini kinosöýüjilere
hödürlemek, bilelikdäki taslamalary ösdürmek, kino pudagynda halkara
gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek bolup durýar. Festiwala gatnaşmak üçin
Ýewropadan, Aziýadan we GDA ýurtlaryndan gelen filmler iki bäsleşige - çeper we
gysga metražly filmlere gatnaşdylar. Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda
surata düşürilen «Gyzyl kürte» filmi çeper filmleriň bäsleşik
maksatnamasyna goşuldy.
Kino festiwalynyň baýraklary iň gowy režissura, operatorlyk işi we aktýorlyk üçin berilýär. Festiwal günlerinde ussatlyk sapaklary, surat sergileri we kino boýunça okuw sapaklary hem geçirildi. «Toji Somon» film festiwalynyň guramaçylary ony yzygiderli geçirmegi maksat edinýärler, ony indiki gezek 2025-nji ýylda geçirmegi meýilleşdirýärler.