Dünýä
taryhynyň ähli döwürlerinde goşundaky söweşijileriň ýarag ulanyş ezberligine,
ýaraga erk edip bilmek başarnygyna aýratyn üns berlipdir. Türkmenler sowuk hem-de beýleki ýaraglary
ulanmakda örän ussat esgerler bolupdyrlar. Türkmenler çagalygyndan başlap
ýaraglaryň dürli görnüşleri bilen ýakyndan tanşypdyrlar, köp ýyllaryň dowamynda
tutanýerli türgenleşikleri amala aşyryp, ýaragy ulanmagyň ägirt tejribesini
toplapdyrlar we ussatlyga ýetipdirler. Harby zehiniň ähli döredijilik ukybyny
ulanyp, ruhubelentlik bilen türgenleşen halkymyz ýarag ulanylyşynyň tärlerini
kämil öwrenmäge bütin ömrüni sarp edipdirler. Munuň özi türkmenleriň «Uruş» we
«Döwüş» sungatlarynyň dürli ugurlaryny ussatlykda öwrenmeklige barýan ýoldaky
ädimler bolupdyr. Halk arasynda «Döwüşseň mert bilen döwüş» diýen aýtgy diýseň
ýörgünli bolupdyr. Bu halk pähimi biziň nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda hem
öz ornuny tapypdyr. Türkmenler üçin söweş ýaraglary ýöne bir söweşde ýa-da
goranyşda ulanylýan söweş enjamy bolman, eýsem, ol onuň ýaşaýyş-durmuşynyň,
howpsuzlygynyň kämil guraly, harby başarjaňlygynyň we güýç-kuwwatynyň nyşany
bolupdyr.
Taryhyň has irki zamanlaryndan
gözbaş alyp, asyrlarboýy ýöredilip gelinýän türkmen töresine, ýagny, halkymyzyň
milli ýol-ýörelgesine baglylykda, her bir türkmen ýigdiniň harby
ýarag-enjamlaryndan ýakyndan habarly bolmagy, olary ulanmagy başarmaklygy hökmany
bolupdyr. (Türkmenleriň ýaşan dürli ýerlerine baglylykda ýarag ulanmaklyga
ussat kişilere obalarda Turany dilde «Uruşgan», Eýrany dilde «Jeňbaz»
diýlipdir.) Şeýle bolanynda, türkmenlere özleriniň häkimliginiň berkararlygyny,
syýasy hem-de milli howpsuzlygyny saklamaklyk has aňsat bolupdyr.
Türkmenleriň ulanan ýaraglarynyň
içinde gylyjyň ähmiýetli orny bolupdyr. Türkmen begzadalygynyň nyşany
hasaplanan gylyç halkyň nesilden-nesle, arkadan-arka geçirip gelen, atadan-ogla
miras galdyrylan mukaddes ýaragy, maşgalanyň gymmatly hazynasy bolupdyr.
Gylyç ulanmak sungatyny halkymyz
«gylyçlaşma» diýip atlandyrypdyrlar we häzirem şeýle atlandyrýarlar. Milli
gylyçlarymyzyň şan-şöhraty türkmeniň goç ýigitleriniň we gylyçlaşmagyň üsti
bilen dünýä ýaýylypdyr. Türkmen gylyçlaşmasy dünýäniň beýleki halklarynyň
«sablya», «şaşka», «palaşa», «rapira», «şpaga», «espadrona» ýaly ýaraglarynyň
käbirleriniň ulanylyşyndan düýpli tapawutlanýandygy ýazylýar, käbirleriniň
bolsa peýda bolmagynda türkmen gylyjynyň ähmiýetli ornunyň bardygy sebäpli,
onuň oýnalyşynda hem meňzeşligi bardyr. Bu aýdylanlar at üstünde ulanylýan
gylyç görnüşindäki sowuk ýaraglara gönüden-göni degişlidir.
Türkmen ýigitleri gylyçlaşma
ezberliginiň üsti bilen hormat we şan-şöhrat gazanypdyrlar, beglik derejesine
ýetipdirler. Ýagny, özleriniň tiredir boýlarynyň öňbaşçysy bolan beglige
ýetipdirler. Hormatdyr şöhrat olara dogduk ýurduny, il-ulusyny, obasyny,
Watanyny goramak üçin amala aşyrylan söweşlerde gazanan üstünlikleriniň
netijesinde gelipdir. Gylyç oýnamaklykda at alyp, gylyç bilen baglanyşykly
meşhurlyk gazanan kişiler maşgalasyndaky täze dogan ogullaryna-da «Gylyçly»,
«Gylyçarslan», «Gylyçmyrat», «Gylyçnyýaz», «Gylyçdurdy» we şuňa meňzeş
atlary-da dakypdyrlar.
Türkmenleriň ýaşan her bir obasynda
gylyçlaşmagy öwredýän merkezler bolupdyr. Olarda ýörite ýarag ulanmagy we
gylyçlaşmagy öwredýän «uruşgan» diýlen ussat halypalar bolupdyrlar. Çagalara
öýlerinde kakasydyr agalary ýaraglary tanadypdyrlar we ýarag ulanmak
başarjaňlygyny artdyrmaga ýardam edipdirler. Gylyçlaşma merkezleri bolan
türkmen obalarynda ýaraglaryň dürli görnüşleriniň ulanylyşy, esasan hem
gylyçlaşmak öwredilipdir. Asylzadalara bolsa çagalygyndan başlap köşklerde
gylyçlaşmak we beýleki ýaraglary ulanmaklyga ussat halypalar ýarag ulanmak
tärlerini öwredipdirler. Uruşganlygy öwretmekligi «atalyk» wezipesi berilen
atabegler ýa-da oba merkezlerinden çykan begler ýerine ýetiripdirler. Atabegler
çagalara dünýä dillerini, aýratyn hem söweş we serkerdelik tilsimatlaryny
öwredipdirler. Şeýle bolansoň, türkmenler az sanly goşun bilen özlerinden
on-ýigrimi esse artyk duşmanlary hem ýeňmegi başarypdyrlar. Olaryň
deňsiz-taýsyz ýeňişleri gazanmaklaryna atabegleriň öwreden tilsimatlary kömek
edipdir. «Atabeg» boljak, uruşmaga we jeňbazlyga ussat kişiler şazadalara tälim
bermek üçin hökümdarlar tarapyndan, emeldarlaryň çagalaryna bolsa uruşganlyga
ussat we ýarag ulanmaklyga ezber begler, asylzadalar, begzadalar tarapyndan
ýörite saýlanyp alnypdyr we saraýlaradyr köşklere çagyrylyp getirilipdir.
Ussat halypalar, uruşganlar
tarapyndan tälim alýanlara gylyçlaşmagyň öwredilmegi hakyky söweşlere ýakyn
ýagdaýda geçirilipdir. Türgenleşikler tyglarynda kesiji ýüzi bolmaýan, gylyjyň
sudury berlen demirler bilen goraýjy esbaplar geýilmezden amala aşyrylypdyr.
Käbir ýaraglaşma merkezlerinde galkan ulanylmandyr, käbir mekdeplerde bolsa
ulanylypdyr. Türgenleşiklerde hakyky gylyçlaryň ýerine gylyja meňzedilen
agaçlar ulanylypdyr. Oňa türkmenleriň «taýak» diýýändikleri sebäpli, bu
türgenleşige ilat arasynda «taýaklaşma» diýlipdir.
Türkmenler gylyçlaşmak hereketlerini
pyýada ýagdaýda we at üstünde amala aşyrypdyrlar. Şol sebäpli harby tälim
maksady bilen, gylyçlaşma mekdeplerinde gylyç ulanmak bilen baglanyşykly pyýada
we at üstünde oýunlar oýnalypdyr. Bu oýunlaryň hatarynda «Taýaklaşma», «Gylyç
çaldy» we beýleki pyýada oýnalan hem-de «Çybyk kesdi», «Är agdarma», «Telpek
aldy» we beýlekiler ýaly at üstünde oýnalan oýunlary görkezmek bolar.
Dürli görnüşli ýaraglaryň ulanylan
türgenleşiklerinde islendik ýaragyň oýnalyşyny ezber öwrenen uruşgan kişi
hökmany suratda gylyç oýnamaga ussat bir kişiniň garşysyna çykyp, özüniň mydama
ulanýan ýaragy bilen çaknyşmaly bolupdyr. Muňa, uruşganlaryň dürli ýaragdaky
çaknyşygy bolandygy üçin, belli bir ýaragyň ady görkezilmän umumylykda
«Ýaraglaşma» diýlipdir. Belli bir ýarag bilen çaknyşylan ýagdaýynda, ol şol
ýaragyň ady bilen baglylykda: «Taýaklaşma», «Gylyçlaşma», «Pyçaklaşma»,
«Naýzalaşma», «Jyzalaşma», «Gönderleşme», «Paltalaşma», «Gürzüleşme» we şuňa
meňzeş atlandyrmalar bilen atlandyrylypdyr. Ýaragsyz amala aşyrylan «Döwüş»
sungatynda bolsa, «Ýumruklaşma», «Depişme», «Süsüşme» ýaly çaknyşyklar
bolupdyr.
Özlerine söweşlerde hemra boljak
sowuk ýaraglary saýlap alanlarynda gylyjy saýlap alan, gylyjy ezber ulanmakda
taryhda meşhurlyk gazanan müňlerçe türkmen ýigitlerimiz, beglerimiz bolupdyr.
Meşhur dessany gahrymanymyz Görogly beg hem, «Görogly» şadessanynyň «Kyrk
müňler» şahasynda özüne hemra bolan ýigitlerine söweş ýaraglarynyň ulanylyş
häsiýetini şygyryň üsti bilen taryplap ýüzlenende türkmen gylyjy barada şeýle
diýýär:
«Gylyç
aýdar, men alaýam,
Parlap
howadan geleýem,
Ganymy iki
böleýem,
Ala polat bolan çagda».
Türkmen halkynyň her bir erkek
göbekli oglunyň il-ulusyň howpsuzlygy üçin gylyç oýnamaklyga ussat, uruşgan
kişi bolmaklygy zerur bolupdyr. Asylzadalaryň, begleriň, batyr ýigitleriň ýarag
ulanmaga werziş bolşy ýaly, ömrüni ylahyýete bagyşlan derwüş kişiler-de,
maşgalasyny saglam saklamaklyga bagyşlan aýal-maşgalalarda gylyçlaşmagy
öwrenmekligi özlerine uýgun görüpdirler. Muňa mysal hökmünde, türkmenleriň
göçüp baran dünýäniň dürli künjeklerinde dini wagyz edip ýören türkmen
derwüşleriniň hem özlerine mahsus gylyçlaşma mekdepleriniň bolandygyny
görkezmek bolar. Halypa şyhlar öz talyplaryna, şägirtlerine özleriniň düşen
ylmy we mezhep ýoluny öwretmek bilen bir hatarda, olara ýagy çozan ýagdaýynda
ilaty gorap jeňlere gatnaşmaklygy ýa-da syýahat ýolunda garakçydan goranmaklygy
we beýleki maksatlar üçin «gylyçlaşmagyň», «pyçaklaşmagyň» we «teberleşmäniň»
(teber – söweş paltasy) tärdir usullaryny ýakynlarynyň arasynda bar bolan ussat
uruşgana öwretdiripdirler. Olar donlarynyň içinde ýa-da gynynyň daşyna ýaglyk
oranyp gizlin göterilen gysga tygly «girme gylyçlary» ulanypdyrlar.
Türkmenlerde gylyçlaşma hereketleri
iki görnüşde, atly hem pyýada ýagdaýda amala aşyrylypdyr. Gylyçlaşmagyň bu iki
ugry, ulanylyşyna görä ýöriteleşdirilen özboluşly aýratynlygy bilen
biri-birinden tapawutlanypdyr.
Pyýada ýagdaýda gylyçlaşmak. Pyýada
gylyçlaşmak – jaýlaryň, köşkleriň içinde, meýdanlarda, atly baryp bolmajak
ýerlerde, has takygy, at üstünde söweş edip bolmajak ýagdaýlarda amala
aşyrylýan ýarag ulanmak hereketidir.
Gylyçlaşmagyň pyýada ýagdaýynda,
gylyçlaşýan kişi hüşgär, ünsli, sak bolmaly bolupdyr. Ol garşydaşynyň edýän
hereketlerinden gözüni aýyrmandyr. Urşujy çaknyşyk mahalynda elinde taýýar
halda saklap duran ýalaňaç gylyjyny islendik wagtda herekete girizip bilipdir.
Iki garşydaş biri-biriniň garşysynda ýaraglaryny ulanmaga häzir halda garaşyp
durupdyrlar. Olaryň haýsy-da bolsa biri uzak garaşmaga kanagat etmän çala
säwlik goýberdigi, beýleki urşujy aýgytlaýjy urgyny amala aşyryp ony
heläkläpdir. Gylyçlaşmak örän çakgan hereketleriň üsti bilen amala aşyrylypdyr.
Türkmenleriň diňe pyýada
gylyçlaşmagynda ulanylýan emelleriniň sany ýüzlerçe bolupdyr. Olar şu hereketler
takyk öwrenilen ýagdaýynda, ýeňiş gazanylyp bilner hasap edipdirler. Ussatlar
öz şägirtlerine topulyp bedeniň dürli ýerlerine urgy edip, ýaralamagy
öwredipdirler. Her bir mekdebiň ýa-da ussadyň özboluşly ýaralamak usuly
bolupdyr.
Käbir gylyçlaşma mekdeplerinde iki
gylyçly, ýagny uly we kiçi gylyçly gylyçlaşmak hem öwredilipdir. Şeýle ussatlar
çaknyşykda örän howply bolupdyrlar. Taryhda iki (uly) gylyç göteren
soltanlarymyz hem bolupdyr. Muňa, Beýik Seljuk türkmenleriniň meşhur soltanlary
Togrul begi we Mälik şany mysal görkezmek bolar. Olar iki gylyjy resmi halda
göteripdirler. Ol gylyçlaryň biri gylyçlaşmaga ussat bolan uruşgan halypa
tarapyndan berlen bolsa, ikinjisi musulmanlaryň halypasy – Abbasylar
neberesinden bolan halyf tarapyndan berlipdir. Türkmenlerde, gylyçly
ýigitlerden iki gylyçly bolsun ýa-da bir gylyçly bolsun, tapawudy ýok, gylyç
oýnamagyň ýokary ussatlygy talap edilipdir. Hatda, ussat gylyçgäriň ýokardan
gaçan suw damjasyny gylyjy bilen ikä bölüp, damjalar ýere gaçýança-da gylyjyny
gynyna salyp ýetişmeli bolandygy agzalýar.
Atly ýagdaýda gylyçlaşmak. Goja
taryhyň menzilleri içinde türkmenleriň esasy harby güýji atly goşunlar
bolupdyr. Türkmen ýigitleri bolsa dogabitdi ussat atly goşun esgerleri bolupdyr
we at üstünde dürli ýaraglary ulanyp bilipdirler. Bu ýaraglaryň esasylarynyň
biri bolsa gylyçdyr. Türkmenler islendik görnüşli gylyçlary at üstünde ulanmagy
başarypdyrlar. Atyň üstünde esasan egri gylyçlar ulanylypdyr. Atly
gylyçlaşmagyň pyýada gylyçlaşmakdan tapawutlanýan özboluşly tilsimleri,
emelleri bolupdyr. Gylyç oýnatmakda atyň çapyp baryş tizligine görä, atlynyň
ýerine ýetirmeli usullary we tilsimleri bolupdyr. Çapyp barýan atyň üstünde
urulan ýiti gylyç tygynyň atyň gidiş tizligine görä, duşman bedenine degen
ýerini ýalmap gitmegi, şol usullaryň bir görnüşidir. Şeýle söweş tilsimleriniň
netijesinde çaknyşyklarda ýeňiş gazanylypdyr.
Türkmenleriň atly gylyçlaşmakda
ulanan emelleriniň birnäçe görnüşi bolupdyr. Her bir türkmen obasynda atly
gylyçlaşmagy ýetginjekleredir ýigitlere öwrediş merkezi bolupdyr. Gylyçlaryň
görnüşlerine görä, her merkeziň usulyýeti biri-birinden tapawutlanypdyr. Her
obadan öz gylyçlaşma merkezleriniň abraýyny galdyryp biljek, gylyjy ezber oýnap
biljek ýigitler çykypdyr. Ussat türkmen ýigitleri gylyçlaşmagy öwreden halypalarynyň
şol merkezlere degişli syrly tilsimlerini kämil öwrenip, ony ezberlik bilen
ulanypdyrlar hem-de gorap saklapdyrlar.
Halkymyzyň gylyçlaşmaga bolan
ussatlygy, söweşjeňlik ukyby, gaýduwsyz batyrlygy we gazanan ýeňişleri
türkmenleri harby käre ussat millet hökmünde dünýä tanadypdyr. Hormatly
Prezidentimiz hem türkmenleriň geçmişde deňsiz-taýsyz edermenligi, batyrlygy,
ýarag ulanmaga ezberligi hem-de gaýduwsyzlygy bilen özlerini dünýä
tanadandygyny öz çykyşlarynda yzygiderli belläp geçýär. Mirasa sarpa goýmak,
Watany özgertmek ýylynda merdana halkymyzyň şöhratly taryhynyň dabaralanmagy
babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak,
belent başy aman bolsun!
Kakajan BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň
Arheologiýa
we etnografiýa institutynyň
uly ylmy işgäri.