milli goshun logo
Gurluşyk we energetika toplumynda geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri
Gurluşyk we energetika toplumynda geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri
02.02.2019 1017 Habarlar

1-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer D.Amangeldiýew gurluşyk we energetika toplumynda, jemagat hojalygy pudagynda geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de 2019-njy ýylda binalary we desgalary ulanmaga bermek boýunça maýa goýum maksatnamasy barada hasabat berdi.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça 2018-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 101 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda, 107,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň önümçilik meýilnamasy 100,2 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 108,9 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 121,9 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylda binalary we desgalary gurmagyň hem-de ulanmaga bermegiň giňişleýin maksatnamasyna seredilendigini aýtdy.