22-nji maýda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz gün tertibini
yglan edip, şu mejlisiň dowamynda ýerlerde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan
işleri barada pikir alyşmak, öňümizde duran döwlet ähmiýetli çärelere,
hususan-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek
dabaralara taýýarlyk görmek, şeýle hem ýakyn günlerde galla ýygnamaga girişmek
meseleleri, obadyr şäherleriň ýagdaýlary, geljek üçin öňde durýan wezipeler
hakynda söhbetdeş bolmak kararyna gelendigini aýtdy.
Ýakyn günlerde Arkadag şäherinde
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem
işine ak pata berler. Munuň özi hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň
gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer diýip, Milli Liderimiz
belledi. Bu ugurda maksatlaýyn işler barha giň gerime eýe bolar. Munuň üçin
döwletimiziň hem, gaznanyň hem serişdeleri ýeterlik diýip, Gahryman Arkadagymyz
nygtady hem-de ösüp gelýän nesil baradaky aladanyň ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň
ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýandygyny ýene-de bir gezek belledi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular
geňeşiniň ikinji mejlisine gatnaşýan we Aşgabat şäherine hem-de ýurdumyzyň
welaýatlaryna wekilçilik edýän ýaşulularyň bu baradaky pikirlerini,
maslahatlaryny diňledi.
Soňra hasabat bermek üçin Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş
dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işlerini dolandyryjy K.Babaýewe söz
berildi.
Gahryman Arkadagymyz geçirilen giňişleýin we mazmunly
söhbetdeşlik üçin ýaşululara minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň
Başlygynyň belleýşi ýaly, bu gün çagalarymyzyň geljegi hakynda özara pikir
alşyldy. Bularyň ählisi biziň aýdyň ertirlerimiziň eýesi bolan çagalar hakynda
hemmetaraplaýyn aladamyzyň güwäsidir. Şu işde ýaşululara aýratyn orun
degişlidir.