18-nji maýa
geçilýän gije ýurdumyzda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet
baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisiniň telewizion diňine çyralar arkaly
Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy.
Bu dostlukly
çäräni Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisiniň
meriýasy gurady we ol iki ýurduň arasyndaky ynanşykly gatnaşyklaryň, şeýle hem
türkmen halkyna hormat-sarpanyň ýene bir subutnamasy boldy.
Tbilisiniň
telewizion diňine iki günläp çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki
çaýylar.