Fransiýanyň
paýtagty Parižda maý aýynyň 24-26-sy aralygynda sambo boýunça Gran Pri ýaryşy
geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport
klubyndan hem türgenler gatnaşdy. Bu ýaryşda 90 kilogram agram derejesinde öz
başarnygyny görkezen «Merkezi goşun» sport klubynyň çagyryş boýunça harby
gullukçysy, kiçi seržant Guwanç Begaliýew fransiýaly garşydaşy Tom Peýrarddan
üstün çykyp hormat münberiniň birinji basgançagyna çykmagy başardy.
G.Begaliýew
sportuň bu görnüşinden başga-da dzýudo, kuraş bilen hem meşgullanýar. Ady
agzalan görnüşleriň ikisinden hem 2018-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony bolan
harby türgenimiz halkara ýaryşlarynda hem 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen sambo
boýunça Aziýa çempionatynda 2-nji ýer, «Aziada 2017-de» kuraş boýunça 3-nji ýer
we 2018-nji ýylda kuraş boýunça Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşynda 3-nji
ýer ýaly netijeleri görkezdi.
Harby
türgenimize mundan beýläk hem sport äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
«Milli goşun».