Düýn – 15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady. Bu medeni çäre myhmansöýer türkmen topragynda türki döwletleriň kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemläp, ony geçirmek başlangyjynyň esasynda goýlan parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Soňra festiwala gatnaşyjylar halkymyzyň geçmişini we şu gününi şöhlelendirýän sergi, medeni we ruhy mirasymyzy, gadymy däp-dessurlarymyzy gorap saklamak üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Jemleýji günde myhmanlar üçin «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelenç hem guraldy.
Türki döwletleriň gatnaşmagynda geçirilen halkara kinofestiwala gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli medeniýetimizi ösdürmek ugrunda uly aladalaryň edilýändigi, netijeli işlemek babatda ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.
Festiwalda dürli ýurtlaryň kinematografiýa ussatlary tarapyndan döredilen ajaýyp filmler görkezildi. Özüne çekiji we gyzykly filmler hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren aýdymy dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrülip, türki halklaryň dostlugynyň beýany bolup ýaňlandy.