Düýn – 13-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal badalga aldy. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenler, aktýorlar we bilermenler gatnaşýarlar.
Kinofestiwal Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň we ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Türkmen dünýäsi» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Soňra oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Soňra milli lybasly oglan «Durna» heýkeljigini getirdi. Türkmenistan şu ýyl bu göçme nyşany Gazagystana geçirýär.
Kinoforumyň birinji gününiň wakalary ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary bilen tamamlandy.