milli goshun logo
Giň mümkinçilikli uçarmansyz uçýan enjam
Giň mümkinçilikli uçarmansyz uçýan enjam
31.03.2025 65 Tehnologiýa

«Performance Drone Works» (PDW) kompaniýasy täze uçarmansyz uçýan enjamyny hödürleýär. «C100» atly bu enjam 74 minutlyk uçuş wagtyna, 7 kilograma golaý ýük göterijilik ukybyna eýedir. Mundan başga-da, nyşana almakda, göni täsirli aňtaw signallaryny tutmakda, söweş şertlerinde dessin goraglylygy üpjün etmekde ýokary takyklyga eýe bolup durýar. Öňdebaryjy kompaniýa bu täze önümini dinamiki harby usulyýete laýyk gelmek hem-de söweş meýdanyndaky aňtawyň taktiki birleşmegini goldamak üçin işläp taýýarlady. «C100» uçarmansyz uçýan enjamy kompaniýanyň uçarman hünärmenleriniň alyp baran köp ýyllyk gözlegleriniň netijesidir.