2022-nji ýylyň 2-3-nji awgustynda Türkmenbaşy
şäherindäki «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gender deňligi boýunça iki
günlük maslahat geçirildi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan
«Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň mümkinçiligini berkitmek» taslamasynyň
çäginde guralan bu çärä ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleri,
halkara we milli hünärmenler gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşýanlar ähli ugurlar
boýunça aýallaryň we erkekleriň arasyndaky deňligi kepillendirýän milli kanunçylygy,
şeýle hem 2021–2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň gender deňligi boýunça Milli
Hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar. Ara alyp
maslahatlaşmalarda Türkmenistanyň BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen,
halkara konwensiýalara we bu ugurdaky milli kanunçylyga laýyklykda, gender
deňligini milli maksatnamalara we strategiýalara birleşdirýändigi we
aýal-gyzlaryň hukuklarydyr mümkinçiliklerini giňeldýändigi bellenildi.