Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet
Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde Merkezi serkerdeler
öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň we sungat işgärleriniň
gatnaşmagynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Zehinli harby
gullukçylardyr artistler harby okuwçylary dürli aýdymlardyr gülküli sahnalar
bilen şatlandyrdylar.
Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli «Merdana
nesiller» aýdym-saz topary dabaraly çäreleri ýurdumyzyň dürli harby
bölümlerinde we harby wekilliklerinde
hem geçirýär. Zehinli aýdymçylardyr sazandalar dabaralaryň şatlygyny
artdyryp, harby gullukçylara baýramçylyk şowhunyny sowgat berýärler.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň meýilnamasy boýunça baýramçylyk
dabaralary ýurdumyzyň ähli harby bölümleriniň Täze ýyl arçalarynyň ýanynda
geçirilýär. Şunlukda, bu dabaralarda harby gullukçylaryň zehinlerini açmak üçin
ähli şertler döredilýär.
«Milli goşun».