milli goshun logo
Geljegi uly suwasty gämi
Geljegi uly suwasty gämi
10.05.2024 327 Tehnologiýa

«James Fisher Defence» (JFD) iňlis kompaniýasy geljegi uly bolan «Shadow Seal» suwasty gämisini hödürleýär. Ol söweşjeň ýüzüjä suwasty we ýarym suwa çümmek usullarynda güýçli taktiki kömegi berýär. Gäminiň taslamasy 2019-njy ýylda taýýarlanyldy. Soňra hyzmatdaş ýurtlaryň deňiz güýçlerine hyzmat etmek maksady bilen, harby tehnikalaryň hataryna girizildi. Ol öňdebaryjy harby gämilere mahsus bezegi özüne siňdiripdir. Geçen ýylyň sentýabrynda Londonda geçirilen «DSEI – 2023»  harby-tehniki sergisinde gyzyklanma bildirýänlere hödürlendi. «Shadow Seal»-iň uzynlygy 8 metr, ini 1 metr töweregi, agramy 2 tonnadyr.