Hormatly mugallymlar we bilim
işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýän we uly ösüşlere ruhlandyrýan
Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy
bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň
taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynda bilimler baýramçylygynyň baý many-mazmunly
dabaralarynyň mekdep okuwçylarymyza, talyp ýaşlarymyza, mugallymlarymyza, ähli
halkymyza ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlap, eziz Watanymyza söýgimizi
has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz
Diýarymyzyň ähli künjeginde bilim edaralarynyň gapylary giňden açylyp, jaň sesi
belentden ýaňlanýar. Bu mukam täze okuw ýyly bilen birlikde, beýik geljegiň,
uly üstünlikleriň, açyşlaryň ýaňydyr. Ylym we bilim kuwwatly döwletimiziň
hem-de bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň
ylym-bilim, nesil terbiýesi baradaky parasatly wesýetlerine eýerip, döwrümiziň
ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzy bedew
bady bilen ynamly ösdürýäris. Ýaş nesilleri sowatly, giň dünýägaraýyşly,
häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji şahsyýetler
hökmünde kemala getirmek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz
Diýarymyzda döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, hünär bilimi edaralary
yzygiderli gurlup, milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar.
Asylly däbimizden ugur alyp, Bilimler we talyp ýaşlar
gününe hem-de 2026-2027-nji okuw ýylyna ajaýyp sowgat hökmünde Aşgabat we
Türkmenabat şäherlerinde ýerleşýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk hem-de
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutlarynyň täze binalary,
şeýle-de welaýatlarymyzda döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly
açylar, ylmy-amaly maslahatlar, bedenterbiýe-sport, medeni çäreler geçiriler.
Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylaryna «Bilimli» noutbuk
kompýuterleri sowgat gowşurylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynyň göwün galkyndyryjy bu wakalary eziz
Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe, beýik geljegine bolan milli
buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Eziz ýaşlar!
Siz Watanymyzyň guwanjy we aýdyň geljegisiňiz. Taryhyň
dowamynda ylym-bilime, paýhas-parasada belent sarpa goýup, ony nesilden-nesle
mukaddes miras hökmünde geçirip gelýän milletimiziň dowamatysyňyz. Bagtyýar
nesillerimiz hökmünde eziz Diýarymyza, abadan we parahat durmuşymyza guwanmak,
ýurdumyzyň şöhratly, beýik geljegi üçin yhlas bilen okamak, öwrenmek, döretmek,
gurmak, zähmetiňiz hem-de ylym-başarnygyňyz bilen il içinde abraý-mertebä, uly
sylag-hormata eýe bolmak, döwletimiziň şan-şöhratyny, ylym-bilim kuwwatyny
dünýäde dabaralandyrmak siziň mukaddes borjuňyzdyr.
Ýurdumyzda gurulýan döwrebap çagalar baglary, orta
mekdepler, ýokary okuw mekdepleri siziň düýpli bilim alyp, kämil şahsyýetler
bolup ýetişmegiňiz üçindir. Siziň gazanýan her bir üstünligiňiz dünýäniň bilim
we intellektual giňişligindäki ornumyzy has-da pugtalandyrýan ajaýyp
buýsanjymyzdyr. Siz täze okuw ýylynda döwlet hem-de halkara ders
bäsleşiklerinde, olimpiadalarda, sport, döredijilik festiwallarynda ýokary
netijeleri gazanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä
ýaýmalysyňyz.
Hormatly mugallymlar, bilim işgärleri!
Bilim ynsan paýhasynyň dowamatly ösüşidir, geçmişiň
tejribesi bilen geljegiň innowasiýalaryny birleşdirýän köprüdir. Şoňa görä-de,
ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki okgunly ösýän döwründe sagdyn,
ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek
mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň jana-jan wezipesi bolup durýar. Siz
täze okuw ýylynda hünär derejeleriňizi yzygiderli kämilleşdirip, bilim bermegiň
ähli ugurlaryna ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny we
öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmalysyňyz. Döwrebap, täze okuw
kitaplaryny hem-de okuw-usuly gollanmalary taýýarlap, bilimiň hilini we
mazmunyny baýlaşdyrmalysyňyz.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de
2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz
Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde
hem-de okuwyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
` Serdar Berdimuhamedow.