Hormatly Watan goragçylary!
Sizi «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan
goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýramyň giňden
bellenilmegi ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk
bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini
goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny we jemgyýetçilik asudalygyny, milli
kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň
harby gullukçylaryna, işgärlerine uly ynam bildirilýändigine hem-de olar
hakynda yzygiderli alada edilýändigine şaýatlyk edýär.
Garaşsyz Türkmenistanyň merdana gerçekleri!
2024-nji ýylda halkymyz Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzda beýik şahyryň watançylyk, gahrymançylyk, agzybirlik taglymlaryny, döredijiliginiň nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýetini giňden wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barlar. Bu işler akyldar şahyrymyzyň watanperwerlige çagyrýan gymmatly eserlerini äleme ýaýmakda wajyp ähmiýete eýe bolar. Şeýle döwletli işleri dabaralandyrmak, nusgawy şahyrymyzyň baý döredijilik mirasyny arşa götermek maksady bilen, biz 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrdyk. Bu ýylda biziň öňümizde şahyryň döredijilik mirasyny, watançylyk hem-de öwüt-nesihat mazmunly şygyrlaryny ýaşlaryň arasynda giňden düşündirmek, ýaş watançylary beýik şahyryň paýhasly setirleri arkaly terbiýelemek ýaly möhüm wezipeler durýar.
Merdana
Watan goragçylary!
Siz mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby
ýörişden buýsançly gadamlar bilen geçip, döwlet Garaşsyzlygymyzy goramaga
hemişe taýýardygyňyzy aýdyň görkezdiňiz. Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny,
söweşjeň kuwwatyny we Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent derejesini dünýä
jemgyýetçiligine äşgär etdiňiz. Siz geljekde-de Watany goramak borjuny ähli
zatdan belent tutup, harby bilimiň we sungatyň gazananlaryny birkemsiz
özleşdirmelisiňiz. Watansöýüjiligiňiz, kasama hem-de harby borja wepalylygyňyz
bilen uly at-abraýa, belent mertebä mynasyp bolmalysyňyz.
Eziz
Watanymyzyň edermen ogullary!
Bu Watan mertleriň Watanydyr! Siz bolsa şu topragyň gerçek ogullarysyňyz. Eziz Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatyna hem-de oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan, ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny, çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyzyň ýörelgelerine berk eýermek siziň her biriňiz üçin mukaddes borç bolmalydyr. Siz döwletimiziň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, konstitusion gurluşyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak, jemgyýetimizde hukuk tertibini pugtalandyrmak, kanunçylygy has-da berkitmek ýaly belent maksatlardan ugur almalysyňyz. Döwrebap harby tehnikalara we enjamlara erk etmek başarnygyny birkemsiz ele alyp, parasatly pederlerimiziň mertlik mekdebini, harby sungatyny kämilleşdirmelisiňiz. Ata-babalarymyzyň adalatlylyk, parasatlylyk, mertlik, watansöýüjilik ýaly belent häsiýetlerini nusga edinip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşmalysyňyz.
Gaýratly ogullar
Watanyň daýanjydyr! Siziň Watany goramakda gaýrat görkezip, Türkmenistanyň
Garaşsyzlygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk
hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly
boljakdygyňyza, gerek bolsa, bu mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem
gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.
Watanymyzyň
wepaly ogullary!
Garaşsyzlyk ýyllary
içinde milli Ýaragly Güýçlerimiz kämilleşip, kuwwatly goşuna öwrüldi. Häzirki
wagtda döwletimiz Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde
saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli goşunymyz kämil söweşjeň ýaraglar,
harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
öňküden-de döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi, dynç almagy
üçin has oňaýly şertleri döretmek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýylynda hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we amala aşyrýan harby
özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolar.
Hormatly
Watan goragçylary!
Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda hem-de işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow.