Hormatly watandaşlar!
Gadyrly medeniýet we sungat
işgärleri!
Sizi
berkarar ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň
hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde täze
üstünlikleri arzuw edýärin!
Häzirki
döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýar
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň
ykdysady kuwwaty has-da pugtalandyrylyp, ähli ulgamlarda uly ösüşler
gazanylýar. Mähriban Watanymyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda
medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we
önümçilik desgalarynyň gurluşygy giň gerimler bilen alnyp barylýar.
Häzirki
döwürde biz döwletimiziň kanunçylyk we hukuk tertibini üpjün etmek, raýatlaryň
hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak boýunça giň gerimli işleri durmuşa
geçirýäris. Munuň şeýledigini ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion
özgertmeler hem doly subut edýär. Garaşsyz ýurdumyzda alnyp barylýan bu işler
ähli raýatlarymyz bilen birlikde, medeniýet we sungat işgärlerini hem
döredijilikli zähmete, belent maksatlara ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlar boýunça belent sepgitlere
ýetmegine medeniýet we sungat işgärleri uly goşant goşýarlar.
Biziň
«Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden gelip çykýan aýdyň wezipeleri,
tutumly işleri çeper wasp etmekde, watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli giň
gerimli işlere ruhlandyrmakda, medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmekde
medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete eýedir.
Şoňa görä-de, biz ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, bagşy-sazandalaryň,
artistleriň, suratkeşleriň, muzeý, kitaphana, kino, habar beriş serişdeleriniň
işgärleriniň, folklor, tans toparlarynyň agzalarynyň döredijilikli zähmetine,
zehin-başarnyklaryna aýratyn hormat goýýarys, olaryň netijeli işlemekleri,
döwrebap eserleri döretmekleri üçin ähli şertleri döredýäris.
Hormatly medeniýet we sungat
işgärleri!
Garaşsyz
ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de «Türkmenistan —
Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli şu ýylda eziz Diýarymyzda guralýan
medeni-köpçülikleýin çärelere medeniýet we sungat işgärleri işjeň gatnaşýarlar
hem-de üstünlikli çykyş edýärler. Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini
wagyz etmekde, merdana ata-babalarymyzdan miras galan hoşniýetli däplerimizi,
ynsanperwer ýörelgelerimizi durmuşa geçirmekde döredijilik işgärleri uly işleri
alyp barýarlar. Medeniýetiň ösmegi, sungatyň kämilleşmegi jemgyýetimiziň
bitewüligini şertlendirýär, çünki medeniýet halkyň kalbydyr, sungat milletiň
mertebesidir!
Her ýylyň
27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly
Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginiň çuň manysy bar. Bu şanly
sene milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň özara baglanyşygyny,
bitewüligini emele getirýär, sungat bilen şygryýetiň durmuşdaky ähmiýetini
has-da artdyrýar.
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz nusgawy edebiýatymyzyň düýbüni tutan
akyldarlarymyzyň, alymlarymyzyň, şahyrlarymyzyň sarpasyny belentde tutýarys,
olaryň çuň pähim-paýhasa ýugrulan baý edebi mirasyny giňden öwrenýäris.
Akyldar
şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige, kämillige, parasatlylyga
eýlenen dürdäne goşgulary il-ýurda wepalylygyň beýik mekdebine öwrüldi. Akyldar
şahyrymyzyň erkinlik, abadançylyk, agzybirlik baradaky belent arzuw-hyýallary
häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň baý
many-mazmunly goşgulary dünýä halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edilip,
agzybirligiň aýdymyna, ynsanperwerligiň owazyna, dost-doganlygyň senasyna
öwrüldi.
Mähriban
watandaşlar!
Mähriban Watanymyzda alnyp barylýan giň
gerimli işleriň, durmuşa geçirilýän belent maksatlaryň gadyr-gymmatyny halka
ýaýmak, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň öňde goýan wezipelerini
çeper beýan etmek köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
işgärleriniň mukaddes borjudyr. Häzirki döwürde biz teleradioýaýlymlaryň,
gazetleriň we žurnallaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek, habar beriş
serişdelerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, žurnalistleriň hünär ussatlygyny
kämilleşdirmek babatda zerur işleri alyp barýarys. Medeniýet ulgamyny ösdürmek,
habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek biziň öňe sürýän döwlet
maksatnamalarymyzyň esasy özenini düzýär.
Mähriban halkym!
Gadyrly medeniýet we
sungat işgärleri!
Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň
şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döredijilikli işleriňizde
hemişe uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW