milli goshun logo
Gämä garşy goranyş raketasynyň täze nesli
Gämä garşy goranyş raketasynyň täze nesli
30.10.2018 1390 Tehnologiýa

«Saab» kompaniýasy özüniň «RBS15  Gungnir» atly gämä garşy goranyş raketasynyň täze nesli bilen tanyşdyrdy. Täze raketa özüniň özboluşly konstruksiýasy bilen ünsi çekýär. «RBS15  Gungnir» raketasynyň häzirki bar bolan raketa sistemalaryndan tapawutlylykda ähli şertlerde nyşanany kämil derejede urmak aýratynlygy bar. Onuň iň esasy aýratynlygy bolsa 300 km-den hem uzak aralyga gitmesidir. Täze raketanyň nyşanany howadan, ýerden we deňizden urmak ukyby bar. Koordinata boýunça nyşanany birnäçe raketa bilen howadan, ýerden we deňizden saýlamak aýratynlygy tabşyryklarda üstünligiň artmagyna getirýär.