milli goshun logo
Gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi
Gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi
13.07.2024 185 Habarlar

 Düýn – 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. «Oguz han» köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ussat gallaçy babadaýhanlarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edendiklerini belledi. Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylary, oba hojalyk işgärlerini gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara täze üstünlikleri arzuw etdi.