milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
01.03.2024 554 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherine bardy. Saparyň maksady tutuş dünýäde ýylyň iri diplomatik wakalarynyň biri hasaplanýan 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmakdan ybaratdyr. Şeýle hem bu saparyň çäklerinde Milli Liderimiziň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirildi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar. Belent mertebeli türkmen myhmanyny iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyrylan Antalýa şäheriniň Halkara howa menzilinde Antalýa welaýatynyň häkimi, türkiýeli işewürler, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we beýleki adamlar garşyladylar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz ony 70 ýaş ýubileýi bilen gutlap, tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi we asylly däbe eýerip, türk Liderine milli lybas bolan türkmen içmegini sowgat berdi.

Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki depginine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda bar bolan mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň iş sapary dowam edýär.